Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan ÝHHG-ä ýolbaşçylyk etmäge taýýarmy?


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (sagda) ÝHHG-niň baş sekretary Mark Perrin De Brihambaut bilen Astanada duşuşýar, 12-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (sagda) ÝHHG-niň baş sekretary Mark Perrin De Brihambaut bilen Astanada duşuşýar, 12-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Gazagystan 2010-njy ýylda 56 agzadan ybarat Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçy wezipesini eýelemäge taýýarlyk görýär.

Gazagystan öňki Sowet Soýuzyna giren döwletleriň arasynda bu gurama ýolbaşçylyk etjek ilkinji ýurt bolar. Emma käbir synçylar ÝHHG-niň bu kararyny tankyt edip, Gazagystanyň bu gurama ýolbaşçylyk etmäge taýýar däldigini aýdýarlar.

Şeýle pikiri öňe sürýän synçylardan biri hem düýbi Londonda ýerleşýän “Çatam House” atly barlaglar merkeziniň eksperti Aleks Naýsdyr. Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir onuň bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aleks, ÝHHG bilen Gazagystanyň aragatnaşygy baradaky soraglara geçmezden ozal bu gurama barada gürrüň beräýseňiz. ÝHHG-niň maksatlary nämelerden ybarat?

Aleks Naýs
Aleks Naýs:
ÝHHG Helsinki şertnamasy we Budapeşt memorandumy ýaly ençeme dokumentler esasynda dolandyrylýar. Bu dokumentler ady agzalýan guramanyň gymmatlyklaryndan we maksatlaryndan ybarat ençeme maddalary öz içine alýar.

Şeýle-de şol dokumentler gurama agza ýurtlaryň territorial bütewiligi, adamlaryň howpsuzlygy we şahsy azatlyklar, saýlawlaryň azat we erkin geçirilmegi, metbugat azatlygy, saýlamak we saýlanmak hukuklary ýaly ençeme ugurlary-da öz içine alýar. Bu dokumentlerde şol gymmatlyklaryň gorap saklanylmagy ÝHHG-ä agza ähli ýurtlardan talap edilýär.

Azatlyk Radiosy: ÝHHG-ä kimiň ýolbaşçylyk edip ýa edip bilmejegi barada haýsydyr bir anyk kanun barmy?

Aleks Naýs: Bu barada hiç hili kanun ýok. Prinsipde ÝHHG-niň agzasy bolan islendik ýurt bu gurama ýolbaşçy saýlanyp bilner. Emma bu karar ady agzalýan guramanyň ähli agzalary tarapyndan bir agyzdan goldanylmaly.

Gazagystanyň bu gurama ýolbaşy edilip saýlanylmagy baradaky karar ilki başda Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Britaniýa tarapyndan ret edilse-de, bu barada ikinji gezek geçirilen ses berlişikde bu karary guramanyň ähli agzalary biragyzdan goldapdylar.

Azatlyk Radiosy: ÝHHG-niň gymmatlyklary barada aýdan pikirleriňize Gazagystandaky ýagdaýlar gabat gelenok bu karar guramanyň gymmatlyklary nukdaýnazaryndan birhili gapma-garşylyk döredenokmy?

Aleks Naýs: Aýdýan pikirleriňiz dogry, Gazagystandaky ýagdaýlar ençeme nukdaýnazardan ÝHHG-niň standartlaryna gabat gelenok. 2007-nji ýylda Gazagystan bu gurama öz kandidaturasyny hödürlände, bu ýurduň Daşary işler ministri Gazagystanyň adalat sistemasynda söz we metbugat azatlygy baradaky meselelerde, saýlawlar baradaky kanunda reformalaryň amala aşyryljakdygyny wada beripdi. Emma, gynansak-da, ýurtda käbir ösüşleriň bolmagyna garamazdan, adam hukuklary bilen bir hatarda käbir beýleki ugurlarda-da yza gaýdyşlygyň bolanlygyna şaýat bolýarys.

Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýda Gazagystanyň ÝHHG-niň ýolbaşçysy edilip saýlanylmagy baradaky karara nähili baha berip bolar?

Aleks Naýs: Meniň pikirimçe, bu karar kabul edilen wagtynda käbir umytlara bil baglanypdy. İlki bilen Gazagystanda adam hukuklary we saýlawlar baradaky kanunynyň gowşakdygy ýaly ençeme problemalaryň bardygyna garamazdan, bu ýurduň ÝHHG ýolbaşçy edilip saýlanmagy ýagdaýlaryň gowulyga tarap üýtgemegine itergi berer diýlen umyt bardy.

Gazagystanda hereket edýän käbir hukuk goraýjy guramalar hem edil şeýle sebäplere görä, Gazagystanyň bu wezipä bellenilmegini goldap çykyş edipdiler.

Ikinjiden, ähli ýurtlara deň wekilçilik edýänligini aýdýan bir guramanyň ýolbaşçylary mydama günbatar ýurtlarynyň arasyndan saýlanyp bilmez. Gazagystanyň bu wezipä saýlanmagynyň bir sebäbi-de şudur. Şeýle-de Gazagystanyň bu wezipä bellenilmegi, şu mahala çenli o diýen aktiw bolmadyk regionlarda ÝHHG-ä öz täsirini artdyrmaga ýardam eder.

Meselem, Merkezi Aziýada serhetlere kontrollyk etmek, neşe gaçakçylygyna we terrorçylyga garşy göreşmek ýaly uly problemalar bar. Gazagystanyň ÝHHG-ä ýolbaşçy saýlanmagy, ady agzalýan gurama, şol regionda bu ugurlarda öz roluny güýçlendirmäge mümkinçilik döreder.

Azatlyk Radiosy: Gazagystany bu gurama ýolbaşçy edip saýlamakda elbetde ÝHHG-niň öz maksatlary bolmaly, emma bu karar kabul edilende bu guramanyň prinsipleri we gymmatlyklary hiç kimiň ýadyna düşmedimikä?

Aleks Naýs: Siziň berýän soragyňyz ýerlikli, sebäbi bir tarapdan-a, ÝHHG köp ugurly gurama bolmaga synanyşyp, adam hukugy taýdan problemaly ýurtlary hem öz içine almaga synanyşýar. Beýleki tarapdan bolsa, ÝHHG halkara jarnamalaryna gabat gelýän gymmatlyklary saýlap alanlygyny aýdyp, bu şertnamalaryň gurama agza ähli ýurtlar tarapyndan berjaý edilmegini goldap çykyş edýär.

Gazagystan ýaly ýurduň bu gurama ýolbaşçy edilip saýlanylmagy baradaky karara seredenimizde, ÝHHG-niň agzalarynyň ählisiniň bu gymmatlyklara sarpa goýmaýanlygyna şaýat bolýarys. Meniň pikirimçe, bu ýagdaý ÝHHG-niň geljegi we onuň maksatlary barada uly sorag döredýär. Haçan-da Gazagystan öz kandidaturasyny yglan edende, bu ençeme ýurdy kyn ýagdaýa salypdy.

Sebäbi Gazagystan demokratik ösüşler, adam hukuklary we söz azatlygy ýaly ugurlarda problemalary bolan bir ýurt, şeýle ýagdaýda ony goldap çykyş etmeklik köp ýurtlar üçin aňsat bolmandy. Beýleki tarapdan, eger bu ýurduň kandidaturasy ret edilse, onda bu ÝHHG-niň köp agzaly gurama däldigi baradaky argumentleriň orta atylmagyna ýol açardy.

Azatlyk Radiosy: Onda şeýle ýagdaýda, eger erteki gün Türkmenistan hem öz kandidaturasyny yglan edäýse, onuň hem günbatar ýurtlaryndan goldaw tapmagy mümkinmi?

Aleks Naýs: Meniň pikirimçe, ol goldaw tapmaz, sebäbi Türkmenistandaky ýagdaýlar Gazagystanyň durumy bilen deňeşdirilende, hasam erbet. Türkmenistanda ösüşiň boljakdygyny aýdyp, hiç kimi ynandyryp bolmaz.

Elbetde, Gazagystanyň bu gurama ýolbaşçy edilip saýlanylmagynyň bu ýurtda reformalaryň çaltlaşdyrylmagyna itergi berjekdigi baradaky pikiriň orta atylmagy hem ýalňyşdy. Olar Gazagystanyň henizem geçiş döwrüni başdan geçirýän bir ýurtdugyny aýdýarlar. Emma hakykatda Gazagystanyň elitasynyň ýurtda demokratik gymmatlyklary ornaşdyrmak ýaly aladasy ýok.

Netijede Guramanyň ýolbaşçylyk wezipesini bu ýurda bermek arkaly ÝHHG-niň Gazagystan tarapyndan zamun alynmagyna mümkinçilik döredildi. Gazagystanyň maksady ÝHHG-niň gymmatlyklaryny ýurtda ornaşdyrmak ýa ony has ýaybaňlandyrmak däl, eýsem halkara derejede öz abraýyny ýokarlandyrmakdyr.

Azatlyk Radiosy: Menem size edil şu soragy bermekçidim, Gazagystanyň bu guramanyň ýolbaşçylygyny eýelemek arkaly, gazanjak bolýan zady näme?


Aleks Naýs: Gazagystanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde özüni alyp barşyna seredenimizde, bu ýurduň regional we Ýewraziýada ýerleşýän ýurtlaryň aragatnaşygyny has berkitmek barada alada edýänligini aýdyp biljek däl. Ol beýleki ýurtlaryň öz içerki işlerine aralaşmagyna ýol berjek islendik bileleşikden gaça durýar.

Gazak ýolbaşçylarynyň gazanmaga synanyşýan zady halkara derejede ykrar edilmek we abraýyny ýokarlandyrmakdyr. Olar bu maksatlaryna ÝHHG ýaly guramalaryň ýolbaşçysy bolmak arkaly ýetmäge synanyşýarlar.

ÝHHG gezek gelende, Gazagystan bu maksadyna ýetmek baradaky planyny gaty gowy we hüşgärlik bilen amala aşyrdy.

Azatlyk Radiosy: Abraýyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda bu guramanyň ýolbaşçysy hökmünde Gazagystanyň berjaý etmeli käbir wezipeleri hem bar, Astana bu jogapkärçiligiň hötdesinden gelip bilermi?

Aleks Naýs: Gazagystan öziniň bu gurama ýolbaşçylyk etjek döwründe orta atjak meseleleriniň hatarynda Owganystandaky ýagdaýlara esasy rol berjekdigini aýtdy.

Gazagystanyň bu ýurt boýunça öz aladalaryny bireýýäm artdyryp başlanlygyny aýdyp bolar. Emma ÝHHG-niň Owganystandaky rolunyň näme boljakdygy o diýen anyk däl, sebäbi ÝHHG-niň günbatar Ýewropada ýerleşýän agzalary Owganystan baradaky aladalaryny ÝHHG-niň çäginde däl-de, eýse NATO guramasynyň esasynda alyp barýarlar.

Gazagystanyň bu gurama ýolbaşçylyk etjek döwründe orta atyp biläýjek beýleki meseleleriniň hatarynda daş-töweregi goramak we suw bilen bagly problemalar bolup biler. Bu ugurlarda käbir ädimleriň ädilmegi hem mümkin we şeýle meseleleriň ÝHHG ýaly halkara guramalaryň çäginde ara alnyp maslahatlaşylmagy peýdaly bolup biler.

Emma, umuman aýdylanda, Gazagystanyň bu gurama ýolbaşçylyk etjek döwründe o diýen uly teklipleriň orta atylmagyna ýa ol problemalaryň çözülmegine garaşyp bolmaz.
XS
SM
MD
LG