Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň Bhopal şäherçesinde protest ýörişi geçirildi


Şu gün Hindistanyň merkezi regionynda ýerleşýän Bhopal şäherçesinde ýüzlerçe adamlar bu şäherçede ýüz beren himiki heläkçiligiň ýyl dönümine gabatlap protest ýörişini geçirdiler.

Ýörişe gatnaşanlar bu himiki tragediýada ejir çekenlere talabalaýyk medisina ýardamlarynyň hem-de kompensasiýalaryň berilmegi baradaky talaplar bilen çykyş etdiler.

25 ýyl mundan ozal, ýagny 1984-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Hindistanyň şu Bhopal şäherçesiniň golaýynda ýerleşen Union Sarbide atly pestisid zawodyndan zäherli gazyň atmosfera ýaýramagy netijesinde ýüze çykan tragediýa dünýä taryhynda ýüz beren iň bir ýaramaz industrial heläkçilikliklerden biri hasaplanylýar. Edil şol wakanyň özünde azyndan 3 müň 500 töweregi adam ölüpdi. Ýöne zäherli gazyň daşky sreda ýaýramagynyň ýerli ilata ýetiren saglyk problemalary zerarly bu şäherçede soňky ýyllarda jemi ölen adamlaryň sany 15 müňden hem gowrak diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG