Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda 5 adam ölüm jezasyna höküm edildi


Şu gün Hytaýyň häkimiýetleri şu ýylyň iýul aýynda ýurduň Ksiňjan regionynda ýüze çykan bulagaýçylyklar bilen bagly ýene 5 adamy ölüm jezasyna höküm edendiklerini mälim etdiler.

Hytaýyň resmi «Ksinhua» habar agentliginiň maglumatyna görä, bu regionyň Urumçi şäheriniň sudy ýene 2 adama bu iş bilen baglanyşykly ömürlik türme tussaglygyny beripdir. Mundan öň, geçen aý hem Hytaýyň häkimiýetleri Urumçidäki bulagaýçylyklar bilen baglanyşykly ýerli uýgur milletiniň wekillerinden dokuzysyna ölüm jezasynyň berlendigini habar beripdiler.
XS
SM
MD
LG