Sepleriň elýeterliligi

Şu gün maýyplaryň Halkara güni bellenilip geçilýär


Şu gün dünýäniň dürli ýurtlarynda maýyplaryň Halkara güni bellenilip geçilýär. Maýyplaryň Halkara gününi bellemek çäresi Birleşen Milletler guramasynyň inisiatiwasy bilen 1992-nji ýylda başlanypdy.

Birleşen Milletler guramasy bu çäräniň maksadynyň maýyplar bilen bagly problemalara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden hem-de olar baradaky aladalary ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny aýdýar.

BMG-niň statistiki maglumatyna görä, häzirki wagt dünýä ilatynyň 700 million töweregi ol ýa-da beýleki bir derejede maýyplar kategoriýasyna degişli diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG