Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa Pakistana 83 million dollar maliýe ýardamyny berer


Şu gün Britaniýanyň premýer-ministri Gorden Braun Pakistanyň günbataryndaky kynçylykly regionlara goldaw maksady bilen Beýik Britaniýanyň Pakistana 83 million dollar maliýe ýardamyny berjekdigini mälim etdi.

Bu barada şu gün Gorden Braun Londonda Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani bilen bilelikde geçiren metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda aýtdy.

Gorden Braunyň sözlerine görä, bu maliýe ýardamy yslamçy ekstremistlere garşy söweş alnyp barylýan ýerlerden göçürilen Pakistanyň raýatlaryna ýardam bermek üçin ulanylar.
XS
SM
MD
LG