Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň polisiýa ýolbaşçysy wezipesinden boşadyldy


Düýn Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen Aşgabat şäheriniň içeri işler uprawleniýesiniň başlygy Abdy Ataniýazow öz işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy.

Bu baradaky permanda Abdy Ataniýazowyň Türkmenistanyň hukuk goraýjy organlaryň işgärleri üçin niýetlenilen ýeňilliklerden hem mahrum edilýändigi aýdylýar. Emma onuň işinde goýberen düýpli kemçilikleriniň nämelerden ybaratdygy barada welin anyk maglumat berilmeýär.

Şeýle hem düýn Türkmenistanyň prezidenti neşä garşy göreş boýunça Döwlet gullugynyň başlygy Aman Garaýewe hem öz edarasynyň işini talabalaýyk ýola goýmandygy üçin käýinç yglan etdi.
XS
SM
MD
LG