Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazyň bahasy näçe?


«Türkmenistanda ilata mugt berilýär» diýen şygar bilen radio-telewideniýede, gazet-žurnallarda birsyhly agzalyp durlan zatlaryň biri-de gündelik sarp edilýän tebigy gazdyr.

Garaşsyzlykdan öň Türkmenistanyň iri şäherlerinde-de tebigy gaz ilata berilmeýärdi. Öýlere gysylan görnüşdäki ballonly gazlar daşalýardy. Garaşsyzlyk alnansoň, ýurduň oba-şäherleriniň tas hemmesine diýen ýaly, tebigy gaz eltildi. Özem ol her gün müňlerçe sapar radio-telewideniýede halkyň gulagyna «mugt» diýlip ýetirilýär. Gazet-žurnallarda «mugt» diýlip ýazylýar.

Ýöne hakykatda gaz meselesinde-de durşy bilen mugt zat ýok. Adam başyna belli bir ujypsyzja bölek mugt berilýär. Her ýyl aýaklan halatynda bolsa, şäheriň hem obalaryň gaz edaralarynyň adamlary öýme-öý aýlanyp başlaýarlar. Hojalykda ýakylan gaz üçin puly kimler sesini çykarman töleýär. Kimler bolsa: «Türkmenistanda gaz mugt. Baryň gidiň. Gaz üçin bir köpügem tölejek däl. Prezident «Gaz mugt» diýip durka siz nämä pul sorap gelýäňiz? Sebäbi siz puly özüňiz üçin çöpleýäňiz» diýip, gaz edarasynyň işgärlerini kowup goýberýänlerem bar. «Haçan gazet-žurnallaryňyz «Gaz mugt däl» diýip, hakykaty ýazar, radio-telewideniýäňiz «Gaz pully» diýip, hakykaty aýdar, ana, biz şonda töläris gaz üçin puly» diýip gykylyk edýänlerem bar.

Eger dört nokatda gaz ýakylýan bolsa, onda bir ýyl üçin 180-200 müň manat pul tölemeli. Bu pul 15 amerikan dollary töwerek. Şu 180 müň manady dört nokada bölseň, her nokat üçin tölemeli pul 45 müň manat bolýar. 45 müň manady 12 aýa bölseň, takmyndan dört müň manada ýakyn bolýar. Dört müň manat iki sany çöregiň bahasy. Görüp otursaň, bu ýerde «gaz pully» diýip, goh edip oturar ýaly zadam ýok.

Ýöne on iki aýyň puluny topbak alýanlaryndanmy-nämemi, köp puly birden tölemegi adamlar kyn görýärler. Şeýle hem «gaz mugt» diýen sözi günde diňläp duranlary üçin köp adamlar pul çykarmak islemeýärler. Şol ujypsyz pul hem aýlyk-günlüksiz maşgalalar üçin agram bolup durýar. Şeýle maşgalalar bir ýylyň dowamynda gara güne goýmak üçin ýa-da zerurlyk ýüze çykanda ulanmak üçin 15 dollary hem gündelik sarp edilişden artdyryp ýygnap goýup bilenoklar.

Öýüni ýyladýan peç bilen nahar bişirýän gaz ojaklaryny hasaba aldyryp, soňundan mellegindäki şitilhanada, sygyr dölelerinde-de gaz peç ýakyp ýören adamlar-da bar.

Bahasy nähili bolanda-da tebigy gazyň höziri başga. Tebigy gaz çekilensoň adamlar odun, kömür daşap kösenmeden dyndylar. Ýöne adam pahyra ýaranma ýok. Köp meselede adamlaryň bolşy haýran galdyrýar.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçy. Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG