Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Medwedew Watikana saparyny tamamlady


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Watikana saparyny tamamlady. Ol bu erde Rim Papasy Benedikt 16-njy bilen duşuşdy.

Orsýet prezidenti we Rim Kotolik ybadathanasynyň baştutany ikiçäk gürrüň etdiler hem birek-birege sowgat gowşurdylar.

Orsýet bilen Watikanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky permana gol çekendigini Medwedew aýtdy.

Orsyetiň prezidenti Watikana Italiýa saparynyň dowamynda bardy.

Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni bilen hepdäniň penşenbe güni bolan gepleşiklerden soň hyzmatdaşlyk, şol sanda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk barada 10-dan gowrak dokumente gol çekildi.


XS
SM
MD
LG