Sepleriň elýeterliligi

ABŞ goşmaça 3 müň harby spesialisti Owganystana ugradyp biler


ABŞ 30 mün harbydan başga, ýene 3 müň harby spesialisti Owganystana ugradyp biler – diýip, ABŞ-nyň prezident Barak Obamanyň hepdäniň sişenbe güni aýdandygyny ABŞ-nyň Goranmak ministri Robert Geýts habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bu ýerde gürrüň medisina işgärleri, analitikler, mina gözleýjiler we beýleki harby hünärliler barasynda barýar.

Halkara koalisiýasy boýunça ABŞ-a ýaran ýurtlardan 20 gowragynyň Owganystandaky harby kontingentini 5 müň adama çenli artdyrmak barada ylalaşyga gelendigini NATO-nyň wekili hepdäniň penşenbe güni habar berdi.

Owganystana goşmaça goşun iberjek ýurtlaryň hatarynda Italiýa, Polşa, Gürjüstan bar.
XS
SM
MD
LG