Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerzeý “Talyban” bilen milli ýaraşyk gazanmak üçin gepleşiklere taýýar


Owganystanyň prezidenti Hamyt Kerzeý “Talyban” hereketiniň lideri molla Muhammet Omar bilen milli ýaraşyk gazanmak üçin göni gepleşiklere taýýardygyny aýtdy.

Diňe dünýä jemgyetçiligi goldan halatynda Omar bilen gepleşikleriň geçirilip bilinjekdigini Owganystanyň prezidenti nygtady.

Häzirlikçe “Talyban” hereketinden reaksiýa ýok.

Sişenbe güni eden çyeyşynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama eger zorlukdan ýüz öwürseler, talyplaryň tarapdarlaryna gapylary açmaga çagyryş edipdi.

XS
SM
MD
LG