Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident saýlawlaryna gatnaşmagy Putinem, Medwedewem aradan aýyrmaýar


Orsýetde 2012-nji ýylda boljak prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny Wladimir Putinem, Dmitriý Medwedewem aradan aýyrmaýar.

Premýer-ministr W.Putin dört sagat dowam eden teletomaşyçylar bilen sowal jogapda saýlawlara öz kandidaturasyny hödürlemek barada pikir edýändigini aýtdy. Ýöne belli bir karara gelmek üçin heniz wagt bardygyny belledi.

2008-nji ýylda Putiniň ornuna geçen Dmitriý Medwedew Italiýa saparynyň dowamynda ikinji möhlet prezidenlige dalaş etmeginiň mümkindigini aradan aýyrmaýandygyny aýtdy.

Prezident saýlawlarynda biri-birine bäsdeş bolmaz ýaly Putin bilen ylaşmagynyň mümkindigini Medwedew nygtady.
XS
SM
MD
LG