Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-ä Gazagystanyň başlyklygy jedelli


Gazagystanyň ýurtda adam hukuklaryny ýerine ýetirişi, demokratik prinsiplere baglydygy baradaky jedeller onuň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna ýolbaşçylyk etmek baradaky haýyşnamasy 2007-nji ýylyň aýagynda kabul edilmezden öň-de ýok däldi.

Ýöne indi onuň bir ýyl möhletli prezidentlige başlamagyna sanlyja hepde barka, bu tankyt we alada-iňkisler özüniň iň ýokary derejesine ýetdi. Bu tankytlary, aladalary ilkinji nobatda agzaýan-da Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we Adam Hukuklary edarasy.

Jens Eşenbaeher bu edaranyň başlygy Janez Lenarçiçiň sözçüsi. Ol öz başlygynyň bu barada aýdanlaryny şeýle düşündirdi: “Onuň aýdýany Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna ýolbaşçylyk etmegiň bu gurama agza her bir ýurt üçin, şol sanda Gazagystan üçin-de bir uly jogapkärçilikli hem kynçylykly işdigi. Guramanyň Demokratik institutlar we Adam Hukuklary edarasy, şeýle hem beýleki bölümleri munuň bilen baglanyşykly käbir meseleler, mysal üçin, Gazagystanda saýlaw ýagdaýy, media erkinligi we beýleki meseleler barada öz aladalaryny geçmişde beýan edip geldiler”.

Adam hukuklary guramasy Human Rihghts Watch-da 25-nji noýabrda çykaran bir hasabatynda Gazagystan bu orny eýelemäge mynasyp däl diýdi. Human Rights Watchyň Ýewropa we Orta Aziýa bölüminiň direktory Raşel Denber: “Meniň pikirimçe Gazagystanda adam hukuklarynyň ýerine ýetirilişiniň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ölçeg we normalaryna laýyk däldigi hemmelere mälim. Adam hukuklary sebäpli Gazagystanyň bu gurama ýolbaşçylyk etmegi aşa jedelli” diýip belledi.

Gazagystan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna ýolbaşçylyk etmegi aslynda 2009-njy ýyl üçin maksat edinipdi. Ýöne käbir agza döwletleriň Gazagystan entek bu orny eýelemek üçin gerekli şertleri ýerine ýetirenok diýmegi netijsinde bu iş 2010-njy ýyla goýuldy. Şeýdip hem Gazagystana käbir ýetmezçilikleri aradan aýyrmaga bir ýyl wagt berildi. Gazagystan hem bu işi etmegi wada etdi. Ýöne Denber bu ugurda edilen bir çynlakaý iş bolmady diýýär.

Onuň bu aýdanyny "Žurnalistleri Goramak Komitetiniň" Ýewropa we Orta Aziýa Programmasynyň işgäri Muzzafer Suleýmanow-da tassyklaýar: “Ýagdaý gaýtam ýaramazlaşdy. Biziň Gazagystanda medianyň ýagdaýy barada beren habarlarymyza seretseňiz görersiňiz. Üstümizdäki ýyl žurnalistleri urup-ýençmek, horlamak bilen başlandy. Ozal beýle zatlar bolmazdy. Onsoň interneti düzgüne salmak kanuny çykdy. Muny amala aşyrmazlyk barada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, "Žurnalistleri Goramak Komiteti", Human Rihghts Watch we beýleki erkin media guramalary gazak häkimiýetlerine duýduryş berdiler. Ýöne hökümet olara ähmiýet bermedi”.
XS
SM
MD
LG