Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin raýatlaryň soraglaryna jogap berdi


Hepdäniň penşenbe güni Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin döwlet telewideniýesinde ýurduň raýatlarynyň soraglaryna jogap berip çykyş etdi.

Özüniň bu sorag-jogap alşygynyň barşynda Wladimir Putin terrorizme garşy aýgytly çäreleriň görülmegine çagyryş etdi. Şeýle hem ol Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna goşulamak ugrundaky tagallalarynyň öňüne böwet bolýar diýip tankytlady.

Mundan daşgary Putin Orsýetdeki ykdysady krizisiň iň kyn döwrüniň indi yzda galandygyny tekrarlady.

Prezidentlige dalaş edip biler

Bu sorag-jogap alşygynyň dowamynda premýer-ministr Wladimir Putin özüniň syýasatdan gitmek planynyň ýokdugyny aýtdy we hatda 2012-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna-da dalaşgär hökmünde gatnaşmak mümkinçiligini aradan aýyrmady: «Men bu barada pikirlenip görerin. Entek saýlawlara çenli ýeterlik wagt bar. Ýöne men şu günki gün her birimiz öz borçlarymyzy ýerine ýetirip, effektiw iş alyp barmaly diýip hasaplaýaryn. Ýurduň ykdysadyýetinde we sosial pudagynda ýagdaýlaryň nähili boljakdygyna baglylykda 2012-nji ýylda geçiriljek saýlawlar kampaniýasy dogrusynda-da karar kabul ediler».

Düýn Rimde saparda ýören Orsýetiň häzirki prezidenti Dmitriý Medwedew hem metbugat konferensiýasynda çykyşynda özüniň 2012-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagynyň mümkindigini ýaňzytdy.

Terrorizmiň salýan howpy

Düýn dört sagatdan hem gowrak wagtlap raýatlaryň soraglaryna jogap berip çykyş eden Wladimir Putin özüniň bu ýyllyk sorag-jogap alşygynda terrorizmiň salýan howpy barada-da aýratyn durup geçdi: "Ýakynda bolup geçen tragediýa bu ugurda alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmelidigini görkezýär. Elbetde, bu meselede şular ýaly terraktlary amala aşyrýan jenaýatçylara garşy örän berk hereket etmeli».

Mälim bolşy ýaly, geçen hepdäniň anna güni Moskwadan Sankt-Peterburg şäherine barýan «Newskiý Ekspress» atly ýolagçy otlusynyň partladylyp, agdarylmagy netijesinde 30 töweregi adam ölüp, 100-den gowrak adam ýaralandy. Bu wakanyň yzy bilen çeçenistanly separatistik söweşijilere degişli "Kavkazcenter.com" internet saýtynda Orsýetde amala aşyrylan bu soňky partlamanyň jogapkärçiligini yslamçy soweşijileriň öz üstlerine alýandyklary barada maglumat peýda boldy.

Ykdysady krizis we optimizm

Wladimir Putin ykdysadyýet meselesi barada soraglara jogap berende ýurtdaky ykdysady krizisiň iň ýaramaz dowrüniň indi yzda galandygyny tekrarlady we ýurduň ykdysadyýetiniň bu ýyl geçen ýylky bilen deňeşdirilende 8,5-8,7 prosent aralygynda pes boljakdygyny aýtdy. Ýöne, muňa garamazdan, ol bu pese gaçyşlygyň ozalky garaşylyşyndan birneme azdygyny belledi.

Ykdysady mesele bilen bagly gürrüňiniň dowamynda Wladimir Putin Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ulanyp gelýän Jackson-Vanik mehanizminiň päsgelçilik döredýändigini aýdyp, bu meselede Waşingtony tankytlady: «Bize düşnüksiz bolan matlaplaryň esasynda käbir ýurtlar, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem biziň Bütindünýä söwda guramasyna girmegimize böwet bolup gelýärler. Ýöne, beýleki tarapdan, biziň üçin postsowet giňişligindäki integrasiýa meselesi has möhüm wezipe bolup durýar. Şona görä-de biz häzirki wagtda Orsýet bilen Gazagystanyň we Belorussiýanyň arasynda gümrük bileleşigini döretmek boýunça dowam edýän prosesden örän razy».

Wladimir Putiniň raýatlar bilen bu sorag-jogap alşygy ýurduň dürli guramalarynda we kärhanalarynda oturdylan wideokameralar, telefon liniýalary we internet arkaly gurnaldy. Ýöne muňa garamazdan, synçylar Putine berlen soraglaryň öňünden berk gözegçilikden geçirilip, saýlanylyp oňa ýetirilýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG