Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-Orsýet: garaýyşlar öňküligine galdy


Anna güni NATO-Orsýet geňeşi 2008-nji ýylyň awgust aýyndaky ors-gürji çaknyşygyndan bäri ilkinji gezek duşuşdy.

Brýusselde geçirilen gepleşikler ruhy taýdan möhüm waka hökmünde alamatlandyrylsa-da, Orsýet bilen NATO-nyň arasynda bar bolan düşünişmezlikler, ýagny Ýewropanyň howpsuzlygynyň geljegi, Gürjüstan hem-de NATO ýaranlygynyň giňemegi ýaly meseleler boýunça öňe gidişlik gazanylmady.

Duşuşykdan soň NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen taraplaryň arasynda gelnen “anyk netijeleri” mübärekläp, munuň NATO-Orsýet gatnaşyklary boýunça “täze başlangyjy” aňladýandygyny belledi.

Rasmussen anna güni NATO bilen Orsýetiň arasynda gol çekişilen üç ylalaşyga ünsi çekdi we bularyň arasynda iň möhüminiň “21-nji asyryň howpsuzlyk meselelerini” bilelikde täzeden gözden geçirmek boýunça gelnen ylalaşykdygyny nygtady.

Munuň bilen birlikde, NATO we Orsýet 28 NATO döwletini we Orsýeti bir ýere jemleýän organy has işjeň ýagdaýa getirmek maksady bilen, NATO-Orsýet geňeşiniň funksiýasyny täzeden gözden geçirmek boýunça ylalaşdylar.

Şeýle hem NATO we Orsýet 2010-njy ýyl boýunça bilelikdäki hereket plany babatda ylalaşyga geldiler. Bu ylalaşyk terrorçylyga we garakçylyga garşy göreş boýunça gönüden-göni harby hyzmatdaşlygy we Owganystan babatda bilelikdäki çäreleri göz öňüne tutýar.

Ynjyk we möhüm meseleler öňküligine galdy

Bulara garamazdan, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow duşuşygyň ahyrynda geçirilen metbugat koferensiýasynda eden çykyşynda, Owganystandaky harby operasiýalara ýardam bermek boýunça Orsýetiň rolunyň uly bolmajakdygyny ýaňzytdy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň 3-nji dekabrda Rimdäki eden çykyşyna seredeniňde, Orsýet Owganystanyň ykdysadyýetine, harby we polisiýa güýçlerine belli bir derejede kömek etmek arkaly Owganystan boýunça planlara goldaw berjek ýaly bolup görünýärdi.

Emma anna güni Lawrow Owganystan babatda diňe bir NATO ýaranlygnyyň agzalaryny öz içine alýan strategiýanyň däl-de, eýsem Owganystanyň ähli goňşularyny hem dahylly edýän syýasy we ykdysady strategiýanyň işläp taýýarlanmalydygyny öňe sürdi. Lawrowyň bellemegine görä, Owganystanyň goňşularynyň ählisi diýen ýaly Orsýeti, Hytaýy we Merkezi Aziýa döwletleriniň köpüsini öz içine alýan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy ýa-da synçysy bolup durýar.

NATO hem öz gezeginde Ýewropanyň howpsuzlygy boýunça prezident Dmitriý Medwedewiň planlaryna özüniň gönüden-göni gatnaşdyrylmagy babatda Orsýetiň tagallalaryny ret eden ýaly bolup göründi. Rasmusseniň aýtmagyna görä, Orsýetiň prezidentiniň ýakynda eden teklibi üstünde işläniňe degýär, emma ol bu meseleler boýunça ÝHHG-niň esasy forum bolup galmalydygyny anyk aýtdy.

Aýry-aýry geçirilen metbugat konferensiýalarynda, Rasmussen we Lawrow NATO-Orsýet gatnaşyklaryna täsir edýän üç sany esasy howpsuzlyk meselesi, ýagny NATO-nyň giňemek baradaky planlary, Gürjüstanyň territorial bütewiligi we Ýewropada ýaraglar boýunça hereket edýän düzgünleriň geljegi babatda entek ylalaşyga gelinmändigini aýan etdiler.
XS
SM
MD
LG