Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda doňuz dümewinden ölenleriň sany 200-e ýetdi


Hytaýyň Saglyk ministrligi geçen aý doňuz dümewinden 194 adamyň ölendigini aýtdy.

Sinhua habar gullugynyň salgylanýan resmisiniň aýtmagyna görä, Hytaýda şu ýyl doňuz dümewinden ölenleriň jemi sany 200-e barýar. Şeýle-de ministrlik 92 müň hytaýlynyň doňuz dümewi bilen keselländigini, 27 milliona golaý adamyň bolsa bu kesele garşy sanjym alandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG