Sepleriň elýeterliligi

Salehi: «Eýrana ýene 20 ýadro zawody gerek»


Eýranyň ýadro başlygy Aly Akber Salehi ýurduň ýadro elektrik programmasyna ýeterlik ýangyç öndürmek üçin 20 sany uran baýlaşdyrýan zawod gerek diýýär.

Resmi IRNA habarlar gullugy Salehiniň Eýranyň Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasyndan çykmak plany ýok diýendigini aýdýar.

Halkara Atom energiýasy gullugy Eýranyň uran baýlaşdyrmagyny bes etmegini talap edýär.

Günbatar ýurtlary Tähran ýadro ýaragyny edinmekçi bolýandyr öýdýär.
XS
SM
MD
LG