Sepleriň elýeterliligi

Medwedew ýanan klubyň eýelerini jezalandyrmaly diýýär


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Permde ýangyn turan klubyň eýelerine berk temmi bermäge çagyrdy. Ýangyn netijesinde 103 adamyň ölendigi aýdylýar.

Medwedew «Agsak at» klubynyň eýesine bu binanyň howpsuz däldigi barada birnäçe gezek duýduryş berlendigini sözüniň üstüne goşdy.

Ýangynda ölenlerden başga 134 adamyň ýaralanandygyny, olaryň 80-siniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýdýarlar.

Kreml Medwedewiň 7-nji dekabry ýas güni diýip yglan edendigini habar berýär. Permde 3 günläp ýas tutular.
XS
SM
MD
LG