Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Saglyk ýolundan» bir hepdede iki gezek geçildi


Paýtagtyň ýaşaýjylary bir hepdäniň dowamynda iki gezek, ýagny 1-nji hem-de 6-njy dekabr günleri «Saglyk ýolundan» ýöriş bilen geçdiler.

Geçen hepdäniň sişenbe güni paýtagtyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän adamlar, talyplar, mekdep okuwçylary, sportsmenler, medeniýet we sungat işgärleri sagat alty bolmanka, heniz daň atmanka Gurban baýramy mynasybetli, «Saglyk ýolundan» geçmäge Giňdiwar dagynyň etegine üýşdüler.

Dag ýolunyň öňündäki meýdançada sungat ussatlary aýdym-saz bilen çykyş etdiler, sportsmenler her dürli maşklary görkezdiler.

Gyş gününiň daň säheriniň howasynyň juda sowukdygyna garamazdan, «Saglyk ýolundan» geçmäge, bu ýerde konsert bermäge, dürli maşk oýunlaryny ýerine ýetirmäge ýygnananlar sport formaly geldiler. Olaryň arasynda mekdep okuwçysyndan başlap, pensionerlere çenli bardy.

Döwlet tarapyndan 1-nji dekabr dynç güni diýlip yglan edilipdi. Özleriniň şol dynç gününi paýtagtyň ýaşaýjylary «Saglyk ýolundan» geçdiler.

1-nji dekabrda, sişenbe güni Gurban baýramy mynasybetli «Saglyk ýolundan» geçen şäheriň ilaty 6-njy dekabrda, ýagny dynç günleri bolan hepdäniň ýekşenbe güni Goňşokara baýramy mynasybetli bu ýodadan geçmek üçin ýene-de daň bilen Giňdiwar dagynyň etegine ýygnandylar.

Býujetden aýlyk alýanlar, okuwçylar, talyplar geçen hepde iki synagy başdan geçirdiler. Ýöne olar üçin ýene-de bir synag bar. Şu hepdäniň ýekşenbe güni olar Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 14 ýyllygy mynasybetli ýene bir gezek «Saglyk ýolundan» geçerler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG