Sepleriň elýeterliligi

Hususy awtoulaglara berilýän nomerleriň Aşgabat şäheri boýunça seriýa harplarynyň iň soňuna ýetildi.

Häzir paýtagtyň awtolulaglaryna berilýän belgilerde elipbiýiň iň soňky harpy, ýagny Z harpy dur. Basym, birki aýdan Z harply seriýalaryň hem tamamlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alansoň, awtomobil nomerleri hem täze belgilere çalşylyp ugraldy. Bu nomerlerde Türkmenistany alamatlandyrýan TM belgisi hem-de ýurduň baýdagynyň şekili goýuldy.

Türkmenistandaky awtomobil nomerleri regionlara bölünendir. Aşgabat şäherine degişli bolan awtomobil nomerleri AG harplary bilen başlanýan bolsa, Ahal welaýatynyňky AH, Mary welaýatynyňky MR, Daşoguz welaýatynyňky DZ, Lebap welaýatynyň LB, Balkan welaýatynyňky bolsa BN harplary bilen başlanýar.

"Bet" nomerler we serialaryň çalt gutarmagy

Täze nomerler ilkinji gezek 1993-nji ýyldan awtoluglara dakylyp başlandy. Şunda diňe täze ulag alanlara täze belgi berlerdi. Ýöne 1996-njy ýyldan ýurtda Soýuz döwründäki köne nomerleriň ählisi täze belgilere çalşyryldy.

2007-nji ýyla çenli seriýa boýunça berilýän nomerler üçin ýylda bary-ýogy bir harp ýeterlikdi. Ýöne Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň 2007-nji ýylda gelen karary netijesinde bir harp seriýa boýunça berilýän nomerler üçin üç aýa-da ýetmän başlady.

Döwlet ýol gözegçiligi gullugy il içinde «bet» nomerler diýlen belgileriň birini-de ulanyşa goýbermegi gadagan etdi. Hatda bu gulluk ozal awtolulaglarda bolan şeýle nomerleri hem yzyna gaýtaryp aldy. Bir müň amerikan dollary berlip alnan 1111, 2222, 6666 ýaly «bet» nomerler hasaplanylýan awtoulag belgilerini sürüjiler gözlerini ýaşlap diýen ýaly yzlaryna tabşyrdylar.

Döwlet ýol gözegçiligi gullugy diňe dört sany birmeňzeş bolan nomerleri ýatyrman, eýsem, iki sany gaýtalanýan 6565, 7878, 3030...; aýna görnüşli diýilýän 3993, 2882, 4554... hem-de başy nol bilen başlanýan nomerleri hem ulanyşdan aýyrdy. Hut şu zatlar sebäplem ozal bir ýyla ýetýän seriýa boýunça harplar indi üç aýa ýetmän gutaryp başlady.

Bir harpyň ýerine iki harp

Döwlet ýol gözegçiligi gullugy seriýa boýunça harplaryň tiz gutarjagyny öňünden hasaplap, bu ýagdaýdan özleriçe çykalga tapdylar. Häzirki berilýän awtomobil nomerlerinde sanlardan başga jemi üç harp bar. Başky iki harp regiony aňladýar, soňky üçünji harp bolsa, seriýa harpy. Indiki beriljek awtomobil nomerlerinde dört harp bolar. Başky iki harp regiony aňladar, soňky iki harplar bolsa seriýa harplary bolar. Bu awtomobil belgileri Mary welaýatynda eýýäm alty aý mundan öň berlip ugraldy.

Täze seriýalara paýtagt Aşgabatdan Maryda tiz geçilmegi bu regionda maşynyň juda köplüginden däldir. Türkmenistana daşary ýurtdan awtoulaglar esasan Mary welaýatynyň telekeçileri tarapyndan getirilýär. Maşynlar daşary ýurtlardan getirilip, Mary welaýatynda bellige alynýar, soňra ýurduň beýleki welaýatlaryna ýa-da Aşgabada alyjylara satylýar.

Parahorlugyň soňuna çykmak üçin tapylan çykalga

Döwlet ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan il içinde «bet» nomerler diýilýän belgileriň ulanyşdan aýrylmagynyň düýp sebäbi bu gullukdaky parahorlugyň soňuna çykmak üçindir.

Sürüjiler özlerine awtoulag satyn alanlarynda, köplenç maşynlaryna nomeriň hem owadanyny dakaslary gelýär. Özem üýtgeşiginden-üýtgeşigini. Sürüjileriň bu islegleri bolsa Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň arasynda parahorluguň ösmegine getirip başlady. 2002-nji ýylda I1111AG belgili nomer bilen bagly waka Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň çygryndan daşyna çykyp, has ýokarlary hem ýetdi. Bu belgidäki I harpynyň bäşinji birlige meňzeýänligi üçin, ony almaga höwesekler juda köpelip, bu nomeriň «bahasynyň» iki müň amerikan dollaryna baryp ýetendigini aýdýarlar. Dawa ula ýazansoň, bahasynyň özi tas bir maşynyň nyrhyna ýeten bu belgi iň soňunda KAMAZ awtoulagynyň eýesine berlipdir.

Elbetde, seriýadan şeýle owadan sanly belgileriň aýrylmagy Döwlet ýol gözegçiligi gullugyndaky nomer paýlamakdaky parahorlugyň ýatmagyna belli bir derejede täsir etdi. Sürüjiler indi olaryň ýanyna nomer üçin para hödürläp asla baranoklar.

Ýöne daşary ýurtlaryň käbirinde şeýle ýagdaýdan başgaça çykalga tapýarlar. Owadan nomerler kanuny ýagdaýda ulagyň eýesine satylýar. Bu nomerden alnan pul bolsa döwletiň haýryna geçirilýär. Ýerli bilermenleriň pikirine görä, eger Türkmenistanyň Döwlet ýol gözegçiligi gullugy bu tejribäni özünde ulanyp görse, onda owadan nomerleriň aşyklary bolan sürüjiler ýene maşynlaryna laýyk hasaplaýan belgini dakmaga mümkinçilik alardylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG