Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ýazyjysy Sergeý Dowlatowyň gündeliginden


Rus ýazyjysy Sergeý Dowlatow, 1989-njy ýyl.
Rus ýazyjysy Sergeý Dowlatow, 1989-njy ýyl.

Ýaş hem bir çene baryberen şekilli. Her gezek täze köwüş satyn alamda, bir bolgusyz pikir hökman bir ýerden peýda bolýar: Meni şu köwüşde tabyda salaýjaklarmyka?

Akademik Kozyrew ömrüniň on ýylyny Staliniň lagerlerinde geçiripdir. Oňa adamyň akylyna sygmajak günä ýöňkelipdir, ýagny, Wolga derýasyny Günbatara alyp gaçjak bolupmyş. On ýyly günübirin sanap geçiren akademik soňra dost-ýarlaryna şeýleräk gürrün beripdir: Fizikadan ylym-bilimim anryýany bilen ýeterlik bolansoň, üstüme atylan günäni eşidip, gülenimi duýman galdym. Çykarylan hökümi eşitdim welin, gülki ýadyma düşen däldir.

Ýerli amerikan graždanlaryndan biziň artykmaç ýerimiz ýok. Bizde olardan artykmaç akylam ýok. Hol öňe giden trolleýbusyň in soňky duralgasyny görüp galmak – ine, bizin paýymyza düşen ýeke-täk zat.

Iosif Brodskiniň saglygyny barlan lukmanlar oňa çilim çekmegi gadagan edipdir. Beýle hökumi juda ýokuş gören Nobel baýragynyň laureaty janyýangynlyk bilen hüňürdäpdir: Irden oýanyp kofe içeniňden soň, bir çilim çekmejek bolsaň, oýanybam ýörmeli däl!

Menin bir režissýor tanşym Nýu-Ýorkda fransuz ýazyjysy Edmon Rostanyň Sirano de Beržerak pýesasyny sahnada goýupdyr. Bitiren işinden müňde bir razy bolup, donuna sygman, esli wagt gomparyp gezipdir. Şol günüň ertesi Izýa Şapirony görüp, ondan soradym: Spektakly gördüňmi? Tomaşaçy köpmüdi? Izýanyň jogabyna hezil edip gülenim ýadymda: Ilki beýle bir köpem däldi, teatra aýalym bilen baranymyzdan soň, tomaşaçynyň sany iki esse köpeldi.

Rus jazyjysy hem žurnalisti Andreý Sedyh bir gezek köçede duşup, çyna berimsiz alada bilen maňa ýüzlendi: Bagyşlaň, ýanýoldaşyňyzyň haly neneň? Ýüzüniň reňki birhili solan ýaly gördüm, herne jany sagdyr-da? Jogabymdan özüm razy bolandyryn: Gaýgy edip ýörmäň, siz ony işden kowalyňyz bäri onuň ýagdaýy diýseň gowy.

Terjime eden Şir Aly.
XS
SM
MD
LG