Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda eneregtika senagaty boýunça Halkara sergi açylýar


“Türkmenistan.Altyn Asyr” internet sahypasynyň beren maglumatyna görä, “Türkmenistanyň energetika senagatyny ösdürmegiň esasy ugry” atly Halkara sergi hem ylmy konferensiýa şu gün Aşgabatda açylýar.

Bu Halkara forumyň üns merkezinde ýurduň elektro energetikasyny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bolar diýip internet sahypa ýazdy.

Foruma dünýäniň 18 ýurdundan şol sanda, Amerikadan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Orsýetden we Gazagystandan hem wekiller gatanaşar diýip “Türkmenistan. Altyn Asyr” Internet sahypasy düýn ýazdy.

Türkmen häkimiýetleri öz ýurdunyň energiya baýlyklaryny dürli ýollardan daşamak üçin alada edýärler. Şu aýyň ahyrlarynda türkmen gazyny Hytaýa akdyrjak turbaprowodyň açylmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG