Sepleriň elýeterliligi

Kopengagende klimat barada taryhy konferensiýa açylar


Şu gün Kopengagende klimat barada taryhy konferensiýa açylar. Oňa 190 ýurduň wekilleri şol sanda, 105 döwletiň liderleri gatnaşar.

BMG-nyň gurnamagyndaky iki hepdelik konferensiýada howany hapalaýan gazy kemeltmek barada täze global ylalaşygyň proýekti maslahatlaşylar.

Bu konferensiýanyň öň ýanynda halkara ekspertler global maýlama adamzadyň täsiriniň has çişirilendigi baradaky tassyklamany inkär etdiler. BMG-nyň baş sekretary Ban Ki Mun konferensiýada ylalaşygyň taýyarlanjakdygy barada optimistik pikirdedigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG