Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň oppozisiýa liderleri ýörişe çagyrdy


Eýranyň howpsuzlyk güýçleri Tähran uniwersitetiniň öňünde, 7-nji dekabr, 2009-njy ýyl.
Eýranyň howpsuzlyk güýçleri Tähran uniwersitetiniň öňünde, 7-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

Şu gün Eýran 1953 nji ýylda Şa döwründe üç studentiň öldürilmegini ýatlaýar. Eýranyň oppozisiýa liderleri öz tarapdarlaryna ýüzlenip, Tähranda uly ýörişe çagyrdylar.

Eýranyň polisiýasy we Rewolýusiýany goraýjylar gwardiýasy islendik bikanun ýörişiň berk basylyp ýatyryljakdygyny duýdurdylar.

Eýran daşary ýurt mediýasynyň Studentler güni bilen bagly ýörişler barada maglumat bermegini gadagan etdi.

Ýekşenbe güni oppozisiýa lideri Musawi Studentlere gazaply daraýan Yslamçy gurluşyň basyşyna seretmezden reformaçy hereket “diri” diýdi.

Eýranyň raýatlary duşenbe güni bolmagyna garaşylýan hökümete garşy protestleriň öň ýanynda häkimiýetleriň internetiň elýeterliligini çäklendirendigini tassykladylar.

“Associated Press” agentliginiň raýatlara salgylanyp beren habaryna görä, düýn e-mail ýazmak elýeterli bolmady we hökümet oppozisiýanyň internet sahypalaryny baglady.

Emma internetiň bütin ýurtda ýa-da Tähranda çäklendirilendigini derrew tassyklatmak mümkin bolmady.

Bulardan başga-da, häkimiýetler daşary ýurt mediýasy üçin işleýän žurnalistlere köçelerde bolýan wakalary janly bermek üçin öz edarasyndan çykmazlygy tabşyrdylar.

1953-nji ýylda Amerika garşy protest wagtynda üç studentiň öldürilendigini ýatlamak üçin 7-nji dekabrda Eýranda ýörişler geçirmek däbe öwrüldi.

Şol bir wagtyň özünde, Eýranyň oppozisiýa lideri Musawiniň düýn aýtmagyna görä, häkimiýetleriň ýapmak ugrundaky basyşlaryna garamazdan, onuň reformaçy hereketiniň internet sahypasy ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG