Sepleriň elýeterliligi

Nähak tussag edilen täjik mamla çykdy


Rahmatullo Nazarow

Rahmatullo Nazarow

Neşe saklanlykda aýyplanyp, üç ýyl türmede oturan döwründe agyr şertlere duçar edilendigi üçin Rahmatullo Nazarow soňra azatlykda adalatyň gözlegine çykdy. Hut şoňa görä-de, ol adam hukuklary boýunça Strasburgdaky Ýewropa suduna ýüz tutdy.

Ýewropa sudy 29 ýaşly Nazarowyň türmede azatlygynyň we şahsy howpsuzlygynyň bozulandygy bilen ylalaşyp, Orsýetiň oňa 18 müňden gowrak ýewro jerime tölemelidigi dogruda karar çykardy. Nazarowyň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, suduň karary onuň adalaty we öz at-abraýyny dikeltmek ugrundaky aladalarynyň diňe ilkinji ädimidir.

“Ozal maňa ýeňsesini öwren adamlar indi meniň ýanyma gelip, biz seniň sudda utandygyňy radionyň habarlaryndan eşitdik. Biz seni gutlaýarys we ötünç soraýarys. Sen barada erbet pikir edendigimiz üçin bagyşla” diýdiler. Bu meniň ilkinji ýeňşim boldy” diýip, Nazarow aýdýar.

6 ýyl garaşdy

Nazarow özüniň “ilkinji ýeňşine” alty ýyl garaşmaly boldy. Ol 2004-nji yylyň aprelinde neşe saklanlykda aýyplanyp Orsýetde tussag edilende, onuň aspiranturany tamamlamagyna bary-ýogy üç aý galypdy. Rahmatullo mal doktory bolmalydy. Emma Moskwadan 200 kilometr uzaklykdaky Wladimir şäherinde tussag edilende, onyň ähli arzuwlary puç boldy.

Nazarow suda 23 aýlap garaşdy. Ahyry Orsýetdäki sudda Nazarowy neşe söwdagäri hasaplan prokurorlar oňa 9 ýyl jeza berilmegini soradylar. Emma Nazarow az möçberde neşe saklanlykda günälendi we üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Rahmatullo türmede haýbat atmalara, urlup-ýenjilmelere we agyr şertlere duçar edilendigini hem-de özüniň günäsizdigine berk ynanandygyny gürrüň berdi: “Orsýetiň derňewçileri meniň günälidigimi subut etmek üçin näçe jan etseler-de, men özümiň günäsizdigimi bilýärdim. Hut şu hem meniň türmede açlyk, suw ýetmezçiligi ýaly agyr şertlere çydamagyma sebäp boldy we meni halas etdi. Bular maňa juda agyr degdi. Çünki men sowatly maşgalada önüp-ösdüm, aspiranturany okaýardym. Emma türme meni kemsitdi. Ol ýerde käte üç ýa-da dört tussag üçin diňe bir krowat bolardy we biz gezekleşip ýatardyk”.

Ýewropa suduna ýüzlendi

Rahmatullonyň öz at-abraýyny dikeltmek üçin Orsýetiň sudlaryna eden şikaýatlary netije bermedi. Orsýetde adalaty tapyp bilmänsoň, ol ahyrsoňy adam hukuklary boýunça Ýewropa suduna ýüzlendi. Çünki Ýewropa Geňeşiniň agzasy bolan Orsýet bu suduň kararlaryny ýerine ýetirmäge borçly.

Strasburgdaky suduň metbugat wekili bolan Traceý Turner Tretziň biziň radiomyza aýtmagyna görä, Nazarowyň şikaýatynyň esasy bölegi onuň suda çenli saklanan wagtlaýyn tussaghanadaky agyr şertler we onuň arzalaryna Orsýetiň sud häkimiýetleriniň seretmändigi barada. “Jenap Nazarowyň öňe süren delilleri boýunça Orsýet Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça konwensiýasynyň 3-nji we 5-nji maddalaryny bozdy. Şol sebäpli-de Orsýet Nazarowa ýetiren maddy bolmadyk zyýany üçin 15 müň EURO, onuň eden tölegleri we çykdajylary üçin-de 3500 EURO tölemeli” diýip, hanym Tretz aýtdy.

Nazarowyň aklawjysy Mihail Owçinnikowyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, ol we Nazarow suduň kararyndan razy. Owçinnikow Orsýetiň şol puly 90 günüň dowamynda tölemegine garaşýandygyny aýtdy. Rahmatullo 2007-nji yylda türmeden çykansoň, Täjigistana dolandy. Häzir ol maşgalaly we bir gyzy bar. Rahmatullonyň adalaty gözlemek hem öz adyny arassalamak ugrundaky tagallasy boýunça ikinji ädimi Orsýete dolanmakdan we aspiranturany gutarandygy baradaky diplomy almakdan ybarat.
XS
SM
MD
LG