Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýanyň ilaty aňk-taňk boldy


Demirgazyk Koreýanyň gowşak ykdysadyýeti hökümetiň ýurduň milli pulunyň hümmetini güýçlendirmek barada geçen hepde kabul eden karary zerarly hasam çökdi.

Şol plana laýyklykda ýurduň milli puly bolan wondan yzky iki nol aýyrylar. Şunlukda öňki 100 wonuň hümmeti onuň täze görnüşiniň 1 wonuna barabar bolar.

Emma täze pul halk köpçüligine elýeterli edilmezden ozal köne puluň bir hepdäniň dowamynda tabşyrylmalydygy baradaky buýrugyň berilmegi ilaty aňk-taňk etdi.

Wonuň täze görnüşiniň duşenbe gününden ozal halk köpçüligine hödürlenmegine garaşylmaýar. Netijede puluny hökümete tabşyran raýatlar pulsuz galdylar.

Biznes edýän edaralar durdy

Phenýandaky daşary ýurtly ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, mundan öň Koreýanyň milli pulunda biznes edýän ähli edaralar, şol sanda magazinler we ulag gatnawlary öz işini bes etdi.

Häzirki döwürde iş alyp barýan magazinler hökümet tarapyndan rugsat edilen we daşary ýurduň puluny kabul edýän sanlyja iş merkezlerinden ybarat. Şol magazinleriň hem elitadan we daşary ýurt diplomatlaryndan ybarat çäklije müşderileri bar.

Mälim bolşuna görä, bu duýduryş 30-njy noýabrda düýbi döwlet edarasyna çatylgy we her öýde ýerleşdirilen ses güýçlendiriji enjam arkaly ilata duýduryldy. Tygşytlan puly köne wonda bolan raýatlar üçin bu gaty ýakymsyz täzelik boldy.

Şeýle-de hökümet öz beýanatynda her maşgala diňe 150 müň won çalyşmaga rugsat ediljekdigini aýtdy. Şondan artykmaç puly bolan adamlaryň öz serişdesini hökümet tarapyndan dolandyrylýan banklara tabşyrmalydygy aýdyldy. Banklara tabşyrylan şol puluň soňra eýelerine gaýtarylyp beriljegi-berilmejegi barada hem takyk maglumat berilmedi.

Phenýan bu çäräniň inflýasiýa hem-de gara bazara garşy göreşmek üçin görlenligini aýtdy. Mälim bolşuna görä, Phenýan 1959-njy ýyldan bäri pulunyň hümmetini güýçlendirmek barada şeýle ädim ätmändi. Netijede onuň pulunyň hümmeti barha peseldi.

Wondan iki noluň aýrylmagy ulanyşda onuň hasaplaşygyny ýeňilleşdirer.
Şeýle-de her maşgalanyň diňe 150 müň won çalyşmaga hukugy bar diýlen düzgün wonuň halk arasyndaky möçberiniň azalmagyna getirer. Bu hem öz gezeginde haryda bolan talaby azaldar we gara bazarda inflýasiýanyň peselmegine getirer.

Hökümetiň kontrollygynyň berkemegi

Synçylaryň aýtmagyna görä, bu çäre hökümete bäsdeş bolup biläýjek hususy sektoryň güýçlenmeginiň öňüni almaga şeýle-de ykdysadyýete hökümetiň kontrollygyny berkitmäge ýardam eder. Demirgazyk Koreýanyň kommunistik režimi halky özüniň ekläp bilmänligi üçin 2002-nji ýyldan bäri ýurtda hususy sektora degişli käbir ugurlara, şol sanda daýhanlara özbaşdak iş alyp barmaga rugsat edip gelýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Leeds Uniwersitetiniň eksperti Aidan Foster-Kartar bu barada şeýle diýdi: "Döwlet ilaty azyk iýmit bilen üpjün etmegi bes etdi, sebäbi ol bu işiň hötdesinden gelip bilmedi, halka kartoçka esasynda iýmit paýlamak düzgüni çagşady. Netijede 10 ýyl geçmänkä, halk öz-özüni eklemeli boldy. Onsoň "hususy bazar" diýlen düzgün peýda boldy. Hökümetiň ony halamaýanlygyna garamazdan, ol oňa göz ýummaly boldy".

Foster-Kartaryň aýtmagyna görä, häzirki döwürde hökümet üstünlikli biznesmenleri çökermäge synanyşýar. Ol bu strategiýanyň baý adamlara garanda, ýönekeý ilata aýratyn köp zyýan ýetirjekdigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu ýurduň baýlary öz baýlygyny Demirgazyk Koreýanyň wonunda däl-de, eýse dollarda, ýewroda, galyberse-de Hytaýyň ýuanynda saklaýarlar. Olaryň tygşytlan serişdeleri öz güýjüni ýitirmedi diýip, britaniýaly eskspert aýtdy.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, Demirgazyk Koreýa berk düzgün esasynda dolandyrylyp, bu iň ýapyk ýurtlardan biridir. Bu ýurtda hökümete garşy çykmak gadagan, şonuň üçin oppozisiýa ýok diýen ýaly.
XS
SM
MD
LG