Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa prezidentini ýene saýlap bilmedi


Şu gün Moldowanyň Parlamenti ýurduň prezidentini saýlamak meselesinde ýene nobatdaky gezek şowsuzlyga sezewar boldy.

Bu mesele boýunça geçirilen sessiýada Parlamentdäki azlygy ybarat edýän kommunistleriň blogy Günbatara tarapdar koalisiýa tarapyndan prezidentlige hödürlenen Marian Lupunyň kandidaturasyna ses bermekden ýüz öwrüp, sessiýanyň zalyny terk etdi.

Şeýlelikde, Marian Lupu resmi taýdan prezident saýlanmak üçin zerur bolan 61 sesi alyp bilmedi. Parlamentiň saýlawlar baradaky komissiýasynyň başlygy onuň 53 sese eýe bolandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG