Sepleriň elýeterliligi

Tährandaky protestler güýç bilen basylyp ýatyryldy


Şu gün Tähranda gurnalan hökümete garşy protest demonstrasiýasy wagtynda hökümet güýçleri demonstrasiýaçylary dargytmak üçin göz ýaşardyjy gazlary we taýaklary ulandylar.

Wakanyň şaýatlary bu protest çykyşlarynyň barşynda oppozisiýany goldaýjylardan ençemesiniň tussag edilendigini habar berdiler.

Şeýle hem, şu gün protestçileriň biri-birleri bilen telefon arkaly habarlaşmaklarynyň öňüni almak üçin häkimiýetleriň Tähran şäherinde mobil aragatnaşygyny wagtlaýynça öçürendikleri barada-da maglumat alyndy.

XS
SM
MD
LG