Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ärdogan Waşingtonda Obama bilen gepleşik geçirer


Birleşen Ştatlara sapar edýän Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan şu gün giçlik Waşingtonda prezident Barak Obama bilen gepleşik geçirer.

Bu gepleşiklerde esasan Owganystan, Yrak we Ýakyn Gündogar bilen baglanyşykly möhüm syýasy meseleler üns merkezinde bolar diýlip garaşylýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu regiondaky käbir möhüm problemalary çözmekde Türkiýäniň regiondaky täsirli rolundan peýdalanmaklyga çalyşýar. Ýöne beýleki tarapdan, bu meseleler boýunça Waşington bilen Ankaranyň pozisiýalarynda belli bir ylalaşmazlyklar hem bar.

Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly meselelerde-de Türkiýe Eýrana garşy sanksiýalaryň ulanylmagyna garşy çykyş edip gelýär.

Türkiýe bilen Ysraýylyň arasynda ýüze çykan soňky dawalar hem Waşingtonda käbir aladalary döredýär.
XS
SM
MD
LG