Sepleriň elýeterliligi

Kopengagende yklymyň üýtgemegi maslahatlaşylýar


Şu gün Daniýanyň paýtagty Kopengagende klimatyň özgermegine garşy göreş meselesine bagyşlanylyp, ýörite halkara konferensiýasy açyldy.

Konfensiýada geljek 12 günüň dowamynda 192 döwletiň wekilleri atmosfera goýberilýän kömürturşy gazynyň möçberini azaltmak barada özara ylalaşyga gelmäge çalşarlar. Dünýäniň 100-den gowrak döwletiniň liderleri özleriniň bu foruma gatnaşjakdyklaryny mälim etdiler.

Bu forumyň maksady 2013-nji ýylda möhleti tamamlanýan ozalky Kýoto protokolynyň ornuny tutjak we täzeden güýje girjek has effektiw halkara şertnamasyny işläp düzmekden ybarat.
XS
SM
MD
LG