Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatyda dürli regionlaryň ministrleri duşuşýar


Şu gün Gazagystanyň Almaty şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň gurnamagynda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionynyň, şeýle hem Türkiýäniň ministrleriniň ýörite konferensiýasy öz işine başlady.

Iki gün dowam etjek bu konferensiýada bu regionlaryň ministrleri krizislere garşy syýasat barada özara pikir alşarlar.

Hususan-da, bu konferensiýada ykdysady krizisiň Gündogar Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň sosial durmuşyna ýetiren täsirlerine garaljakdygy aýdylýar.

Türkmenistan tarapyndan bu foruma kimleriň gatnaşýandygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG