Sepleriň elýeterliligi

Bu gün Orsýetde ýas tutulýar. Geçen anna güni Moskwadan çen bilen 1100 kilometr uzaklykda ýerleşýän Perm şäheriniň gijeki klubunda bolan ýangynyň pidalaryny jaýlamak çäreleri dowam edýär.

Orsýetde soňky onýyllygyň dowamynda bolan iň aýylganç bu ýangyn 113 adamynyň heläk bolmagyna we 120 gowrak adamynyň ýaralanmagyna getirdi.

Ýaralananlaryň köpüsi agyr ýagdaýda bolup, doktorlar olaryň bedenleriniň ýarysyndan gowragynyň köýendigini aýdýarlar. Ýangynyň pidalarynyň köpüsi 20-30 ýaş aralygynda.

Perm şäheriniň “Hromaýa Loşad” atly gijeki klubunyň harabalygynda gül goýýanlaryň we şem ýakýanlaryň sany azalmaýar. Ýerli ýaşaýjy Sergeý şäheriň merkezinde bolan bu pajygaly wakany akyl ýetirip bolmajak aýylgançlyk diýip atlandyrdy. “Hromaýa Loşad” klubundaky ýangyn feýerwerk raketalarynyň uçgunlarynyň çybykdan örülen üçege düşmeginden başlanypdy. Onuň üstesine-de, klubuň içindäki 230 adamynyň ýeke-täk dar gapa tarap okdurylmagy netijesinde basa-baslyk döredi.

Klubuň eýesi, iki menejeri we feýerwerk tomaşasyny gurnan adam ele salyndylar we ýangyndan howpsuzlyk düzgünlerini bozmakda we bilkastlaýyn bolmadyk ýagdaýda adam öldürmekde aýyplanyp, tussag astyna alyndylar.

Gijeki klubuň awtomatik ýagdaýda işleýän ot söndüriji gurallary bilen üpjün edilmänligini we otly feýerwerkleriň ýapyk jaýda ulanylmaly däldigini häkimiýetler aýdýarlar. Klubuň eýeleri howpsuzlyk şertlerini üpjün etmek barada özlerine ençeme gezek bildirilen talaplary ýerine ýetirmänlikde günälenýärler.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew olary “aňsyz we ynsapsyz” adamlar diýip atlandyrdy.



Orsýetiň Baş prokuraturasynyň Perm regiony boýunça derňew komitetiniň başlygy Marina Zabbarowa bolan pajygaly waka öz garaýşyny ýekşenbe günki metbugat konferensiýasynda şeýle mälim etdi: “Orsýetde şeýle jogapkärçiliksizlik haçan gutarar? Ýeke we şeýle gapyly binada nädip restoran açylýar. Nädip tiz ot alýan serişdelerden üçek gurup bolýar”.

Öz nobatynda Orsýetiň adaty raýatlary häkimiýetlerden nägilelik bildirýärler we gijeki klubuň oda garşy talaplary ýyllar boýy äsgermän gelmegine döwlet resmileri derejesindäki korrupsiýanyň şert döredenligini aýdýarlar.

Orsýetde ýangyna garşy düzgünler örän kemçilikli berjaý edilýär. Bu ugurdan gözegçilik etmäge borçly resmiler bolsa barlag çäresini para almak üçin ulanýarlar. Netijede ýurtda her ýylda ortaça 17 müň adam ýangyndan heläk bolýar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG