Sepleriň elýeterliligi

Geçen hepde Aşgabadyň etegindäki “Saglyk ýolunda” köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Köpetdagyň eteginden ugur alýan uzynlygy 36 kilometrlik beton ýoly 2000-nji ýylda S.Nyýazowyň inisiatiwasy bilen gurlupdy. “Saglyk ýolunyň” Türkmenistnyň ýaşaýjylarynyň we ýurduň myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyk tapanlygy resmi derejede tassyklanylýar.

Paýtagtyň ýaşaýjylary geçen hepdäniň dowamynda “Saglyk ýolunda” iki gezek ýöriş geçirdiler. «Saglyk ýolundan» geçmek üçin dürli pudaklaryň işgärleriniň, studentleriň, mekdep okuwçylarynyň, sportsmenleriň, medeniýet we sungat işgärleriniň 1-nji we 6-njy dekabr günlerinde daň atmanka Gindiwar dagynyň etegine üýşenligini, dag ýolunyň öňündäki meýdançada sungat ussatlary aýdym-saz bilen çykyş eden bolsalar, sportsmenleriň dürli maşklary görkezenligini Azatlyk Radiosynyň korrespondentleri habar berýärler. Şol ýörişleriň Gurban we Goňşokara baýramlary mynasybetli geçirilenligi aýdyldy.

“Saglyk ýoly” 2000-nji ýylda S.Nyýazowyň inisiatiwasy bilen gurlupdy.Ýurt resmileriniň gatnaşmagynda döwlet baştutanynyň bu ýodadan häli-şindi ýöriş geçirmegi şol döwürden bäri ýurtda adaty düzgüne öwrüldi. Düzgün şu güne çenli-de dowam etdirilýär.

Ýolbaşçylar hem gatnaşýarlar

30-nji noýabrda prezident G.Berdimuhamedowyň “Saglyk ýolundan” ýöräp geçenligini, ýodanyň käbir böleklerini bolsa onuň sport ýügrüşi bilen ylgap geçenligini türkmen metbugaty habar berdi.

“Türkmenistan.ru” internet gazetiniň ýazmagyna görä, hökümet baştutanynyň orunbasarlarynyň we Mejlisiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçen marşrutynyň dowamynda president G.Berdimuhamedow ýoluň ýagdaýyna we onuň daşyndaky giňişlikleriň abadanlaşdyrylyşyna syn etdi.

“Milletiň lideriniň” “Saglyk ýolundan” geçmegi prezident G.Berdimuhamedowyň ýurduň raýatlaryny öz şahsy göreldesi bilen sagdyn durmuş obrazyny alyp barmaga höweslendirmek üçin alada edýänligini görkezýär” diýip, TDH gullugy ýazýar we “ýurduň sosial syýasatynyň esasy maksadynyň adamlaryň saglygy bolup durýanlygyny, “Döwlet adam üçindir!” diýen prinsipe eýerýänligini belleýär.

Uzynlygy 36 kilometrlik “Saglyk ýoluny” döwlet baştutanlarynyň we ýurt resmileriniň käte ýöräp, käte ylgap geçýänligi barada resmi derejede aýdylýan bolsa-da, synçylar döwlet resmileriniň “Saglyk ýoly” doly geçýänligini tassyklap bolmajagyna ünsi çekýärler.

Emma uzak ýoly geçmegiň ýörişe gatnaşdyrylýan ýönekeý adamlar üçin uly synag bolup durýanlygy bellenilýär. “Saglyk ýolunyň” sekiz kilometriniň ýörişe gatnaşýanlaryň ählilisiniň hökmany suratda geçmeli bölegi bolup durýanlygyny Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Radiomyza gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, doly marşruty bolsa, adatça, studentler geçmäge borçly edilýärler.

“Saglyk ýolundan” ýörişleri türkmen häkimiýetleri sport çäresi hökmünde häsiýetlendirýärler we raýatlaryň köpçülikleýin ýörişe gatnaşdyrylmagyny ýurtda sporty ösdürmegiň çägindäki çäre diýip, yglan edýärler.

Sport çäresimi ýa?..

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowa ýöremek saglyk üçin peýdaly hem bolsa, Türkmenistanda geçirilýän ýörişleri sport bilen däl-de, ideologiýa bilen baglanyşdyrdy: “Bu döwletiň agalyk syýasatynyň çägindäki mejbury-meýletin häsiýetli programmasynyň bir bölegi diýip hasap edýärin. Muňa türkmen döwletiniň öz raýatlarynyň daş keşbine, ýagny edara işgärleriniň hem okuwçylaryň geýmine degişli talaplary, şeýle-de tylla diş we saç-sakgal boýunça girizen gadagançylyklary bilen meňzeş zat hökmünde garamak mümkin. Şol bir wagtda-da GDA-nyň beýleki döwletlerinde häkimiýetleriň öz raýatlarynyň dişine ýa geýmine üns bermegini göz öňüne getirmek kyn”.

Sanobar Şermatowa Garaşsyzlyk döwrüniň dowamynda Türkmenistanda ornaşan özboluşly düzgünler hem režimiň hem-de halkyň milli aýratynlyklaryndan ugur alýar diýip, hasap edýär: “Saglyk ýolundan” ýöräp geçmek çäresiniň fiziki taýdan hem agyrdygyny synçylar aýdýarlar.

Ýörişiň agyrdygy sebäpli onuň öz döwründe “ajal ýoly” diýip atlandyrylanlygyny Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi: “Biziň artistimiz bardy, Töre Annaberdiýew bardy, ol pahyr boldy. Ol birinji gezek geçende asfalt ýoly däl-de ajal ýoly diýipdir. Ol Türkmenistanyň halk artistidi, Magtymguly baýragynyň laureaty. Ol şol sözleri üçin turmä salynmadyk hem bolsa, ähli zatlardan, atlardan mahrum edilipdi. Alty-ýedi ýyllap jemgyýetden we sahnadan mahrum bolupdy”.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandanky habarçylarynyň aýtmagyna görä, resmi derejede dynç günleri diýlip yglan edilen birinji dekabry we ýekşenbäni ýörişde geçiren paýtagtyň býujetdäki işgärleriniň, studentleriniň we mekdep okuwçylarynyň ýetip gelýän Bitaraplyk baýramy mynasybetli-de ýene-de “Saglyk ýolundan” ýöriş geçirmegine garaşylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG