Sepleriň elýeterliligi

«Palçy - ýalançy» diýen nakyly ulanýan-da bolsalar, türkmenleriň köpüsi palça ýüz tutmagy gowy görýärler. Palçydan hoş söz tama edip, onuň gapysyny kakmaga barýanlar esasan kynçylyga düşýän adamlar.

Palça köplenç aýal-gyzlar, aýratyn-da eneler ýüz tutýarlar. Neşe söwdasy bilen türmä düşýän ogul-gyzlaryň, gelinleriň ykbalynyň neneňsi boljakdygy, ogurlanan harytlarynyň tapyljak-tapylmajakdygy, kesele sataşan ogul-gyzynyň gutuljagyny-gutulmajagyny bilmek ýaly sowaldyr meseleler bilen aýal-gyzlar palçylaryň öýlerine aldygyna gatnaýarlar.

Ýerli inteligenisýa wekilleriniň aýtmagyna görä, halkyň palçylara maňlaý diremeginiň aňyrsynda pes medisina hyzmaty, polisiýanyň gowşak işi ýatyr. Şu nukdaý nazardan seredeniňde, eger halk öz näsagynyň ykbalynyň ýagdaýyna medisinadan dogry jogap tapsa, ýiten harydyny polisiýa tapyp berse, belki, palça barmasyny azaltsa-da azaldardy.

Ogurlyk meselesinde palçylaryň iki goňşyny garpyşdyrýan halatlary-da bolýar. Sebäbi ýiten harydy «goňşyň alypdyr» diýen habary palçylaryň köpüsi ulanýarlar. Hiç babatda hiç zat bilmeýän palçylara perzentleri bolmaýan ýaşlar-da köp ýüz tutýarlar.

Ulugyzlaryň ykbaly

Soňky döwürler palçylaryň gapylarynda türkmen ulugyzlary hem köp görnüp başlady. Öňler palçynyň gapysynda ulugyz görünse gaty geňlärdiler. Emma türkmen ulugyzlarynyň bu günler palçylaryň öýlerini dolduryp oturandygy indi geň görülmeýär.

Sowet döwründe gyzlaryny esli pula “satan” türkmenleriň ulugyzlary üçin Garaşsyzlyk döwri kynçylyklary döretdi. Ýaş ýigitleriň örän köpüsiniň neşekeşlere öwrülmegi türkmen gyzlarynyň köpüsiniň talabalaýyk maşgala ojagyny gurmagyna uly päsgelçilik bolup dur.

Kyrk ýaşa baransoňam durmuşa çykyp bilmän oturan gyzlar her obada, her köçede bar. Näçe ýaşasa-da, neşekeşe welin hiç kim durmuşa çykmak islemeýär. Şeýle bolansoň olar «Meniň-de bagtym açylarmyka?» diýen soraglaryna jogap tapmak üçin palçylaryňka gatnaýarlar hem-de olardan hoş söze garaşýarlar.

Ýurtda neşekeşligiň ösmegi türkmen gyzlarynyň bahasynyň mazaly «arzanlamagyna» getirdi. «Agzy arassa», ýagny neşe çekmeýän oglan tapylsa, öň gyzlary üçin esli galyň alan türkmenler indi gyzlaryny mugt bermäge-de taýýar. Hatda toýlaryny özi tutup berýän maşgalalar-da bar.

Şeýle çylşyrymly ýagdaýlara düşüp, maňlaýyny diräre gapy tapmaýan adamlardan bolsa, palçylar öz bähbitlerine peýdalanýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG