Sepleriň elýeterliligi

Adam üçin iň bir zerur zatlaryň biri bolan nahar duzy Türkmenistanda prezident Nyýazowyň döwründe ilata mugt berilmeli edildi.

«Türkmenistanda duz ilata mugt berilýär» diýen şygar «Beýik Galkynyşlar we çuňňur özgertmeler eýýamy» diýip at alan häzirki döwürde-de dowam edýär. Emma hakykatda welin, Türkmenistanda duz gaty bir mugtam däl. Duzuň bir kilosynyň bahasy iki müň manat. Şu baha bilen ol hökümet dükanlarynda satylýar. Şahsy dükanlarda bolsa duzuň bir kilosynyň bahasy üç ýarym müň manat.

Elbetde, az-owlak duzy mugt almaga raýatlaryň haky bar. Eger öý uprawleniýesinden maşgala ýagdaýyň barada sprawka getirip bilseň, onda adam başyna 400 gram duzy mugt alyp bolýar.

Mugt bolanda-bolmanda Türkmenistanda duzly bolmak kyn zat däl. Otuz kilogramlyk haltadaky duzy elli müň manatdan öýlere aýlap satýan hususyýetçiler hem köp. Şol otuz kilogram duzy nähili bisarpa tutup ulananyňda-da bütin ýyla ýetýär. Üstesine-de, Türkmenistanyň duz känleriniň duzuny buldozerläp süreniňde-de, hut Garagumuň çägesi ýaly, tükener ýaly däl.

Duz pully bolanda-da, işläp, aýlyk alyp ýören maşgalalar üçin ony satyn almaga güýç ýetmez ýaly däl. Ýöne käbir maşgalada hiç ýerde işlemän, çörek satmak, köýnek tikmek ýaly ownuk düşewüntli iş bilen güzeran dolaýan, üstesine-de köp çagaly, öýleri neşekeşli maşgalalar üçin, elbetde, duzuň bahasynyň iki müň manat bolmagy-da maşgala agram salýar. Duzuň şeýle maşgala bir ýylky sarp edilişi üçin gerek bolan pul olara köp bolup görünýär. Şonuň üçin beýle maşgalalar ýaltanman, her aýda sprawkalar çöpläp, mugt berilýän 400 gramlyk duzdan alýarlar.

Pully maşgalalar duz üçin sprawka ýygnamaga ýaltanyp, ony satyn alýarlar. Sebäbi islendik zat üçin sprawka ýygnamak örän kyn. Sprawka alynýan ýerlerde mydama adam köp bolýar hem-de ençeme gapa sümmeli bolýar. Şonuň üçin köp adamlar işiň sprawkasyz bitirip bolýan tarapyna ylgaýarlar. Sprawka çöplemäge gidenden, duzy-da pully alanlaryny gowy görýärler.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçy. Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG