Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýadaky saýlawda Basesku ýeňiş gazandy, bäsdeşi garşy çykýar


Ruminiýanyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Baseskunyň geçen ýekşenbede bolan saýlawlarda ýeňiş gazanandygy yglan edildi. Emma, onuň bäsdeşi saýlawyň netijelerini suda berjekdigini aýtdy.

Merkezi saýlaw komissiýanyň maglumatyna görä, merkezçi Basesku bu saýlawlarda berilen sesleriň 50,33 prosentini gazandy. Ýöne, onuň çepçi bäsdeşi Geoana 50 prosente golaý ses aldy.

Geoana bu saýlawlarda galplygyň köp bolandygyny we onuň netijelerini Konstitusiýon suda berjekdigini aýtdy.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň synçylar missiýasynyň başlygy Wadim Zdanowiç saýlawlaryň, umuman, guramanyň ölçeglerine laýyk geçendigini habar berdi. Şeylede ol galplyklar baradaky aýyplamalar boýunça “gaýra goýmazdan” derňew geçirmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG