Sepleriň elýeterliligi

Obama Eýran boýunça Türkiýäniň möhüm roluna ynam bildirdi


Düýn Amerikanyň prezidenti Obama Eýranyň Ýadro programmasy boýunça oňşuksyzlyklary çözmekde Türkiýäniň “möhüm roly oýnajakdygyna” ynanýandygyny aýtdy.

Ol şeýle çykyşy Türkiýäniň premýer ministri Rejep Taýyp Ärdogan bilen Ak tamdaky gepleşiklerinden soňra etdi. Şeylede Obama Türkiýäni öwdi.

“Men Türkiýäniň premýer-ministrini türk-ermeni gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin äden batyrgaý ädimleri üçinem gutlaýaryn. Onuň geljekde hem şeýle ýoldan gitmegini goldaýaryn” diýip prezident Obama aýtdy.

Şonuň ýalyda, Obama Waşington we Ankara nirede bolandygyna garamazdan, terrorizme garşy göreşe ylalaşdy diýdi.

Ärdoganyň sözlerine görä, Eýranyň ýadro meselesi boýunça diplomatiki ylalaşyk üçin islendik kömegi etmäge Ankara taýýar.

Iki lider Ýakyn Gündogar syýasaty, Eýrana garşy gadaganlyklar we Amerikanyň Owganystandaky güýçleriň sanyny artdyrmak aladalary boýunça Waşingtonyň we Ankaranyň arasyndaky tapawutlyklar wagtynda duşuşdylar.
XS
SM
MD
LG