Sepleriň elýeterliligi

Tähranda reformaçy gazet ýapyldy


Tähranda çap edilýän reformaçy “Haýeti NOW” atly gündelik gazet ýapyldy.

Eýranyň Fars agentliginiň maglumatlaryna görä, ýurduň metbugat baradaky edarasy şol gazeti ýapmagy karar etdi. Sebäbi, gazet ýurduň metbugat baradaky kanunynyň düzgünlerine laýik işlemedi.

“Haýeti Now” Tähranda çap edilýän sanlyja reformaçy gazetiň biridi we ol oppozisiýa lideri Musawini goldaýardy. Onuň ýapylandygy düýn Eýranda bolan köpçülikleýin demonstrasiýalardan köp wagt geçmänkä yglan edildi.

Studentler güni bolan protestlere Musawiniň Ýaşyllar hereketiniň tarapdarlarynyň müňlerçesi gatnaşdylar.

Bu hereket Ahmedinejada we onuň iýundaky dawaly saýlawlarda täzeden saýlanmagyna garşy.

Düýnki protestlerde polis we demonstrasiýaçylar çaknyşdylar. Şonda Ýaşyllar hereketiniň agzalary tussag edildi.
XS
SM
MD
LG