Sepleriň elýeterliligi

Gizlin syryň üsti açylan ýaly geň ýagdaý döredi


ÝHHG tarapyndan Türkmenbaşy şäherinde gurnalan neşe maddalaryny agtarmak boýunça türgenleşik wagtyndan pursat, 2006-njy ýyl.

ÝHHG tarapyndan Türkmenbaşy şäherinde gurnalan neşe maddalaryny agtarmak boýunça türgenleşik wagtyndan pursat, 2006-njy ýyl.

Neşekeşlik belasynyň ýurdy gaplap alandygy barada Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň dymýandygyna syn etmek mümkin.

Ýurda gizlin ýollar bilen neşe getirilýändigi dogrusynda habarlar ýok. Neşe maddalarynyň ulanylyş möçberi barada-da gulaga ilip barýan informasiýa ýok diýerlik.

Habar serişdelerine syn edip, çen tutsaň, ýurtda bu ugurdan hemme zat gülala-güllük ýaly.

Dünýäniň ähli döwletleri bu betbagtçylygy gözegçilik astynda saklamak üçin uly tagallalar edýärler, Türkmenistan welin, bu problemany düýpli çözen, ony köki-damary bilen ýok eden älemde ýeke-täk bir ýurt ýaly bolup görünýär.

Görlüp oturylsa...

Birdenem bulutsyz asmanda ýyldyrym çakan ýaly bolup, iň ýokary başlykdan bir habar ýaýrady. Hut prezidentiň özi neşe maddalaryna garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň başlygy Aman Garaýewe käýinç yglan etdi.

Mundan öň alyp barýan işleri üçin G.Berdimuhamedow şol başlygy öwýärdi. Ýöne näme üçindir haýsydyr bir gizlin syryň üsti açylan ýaly geň ýagdaý döredi, ýöne munuň sebäbi onçakly belli däl. Ol syr döwlet strategik syrlar kategoriýasy derejesinde ýaşyryn saklanylýar.

Görlüp oturylsa, hemme zat gülala-güllük däl eken. Munuňam üstesine, yglan edilen käýinçden belli bolşuna görä, ýagdaý gaty erbet. Prezident Aman Garaýewi neşe maddalary bilen bagly problemalary ýaşyrmakda aýyplady.

Berlen käýinçde: “Neşe maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça düşündiriş-propagandistik işiň gurnalyş derejesiniň pesdigi üçin” diýen sözler bar.

Bu diýildigi, başga sözler bilen aýdylanda, döwlet baştutanynyň ýurtda neşekeşlik baradaky syrlary gizlin saklamak syýasatynyň soňuna çykmaga görkezme berendigini aňlatmaýarmy? Belki, mundan beýläk Türkmenistanda neşekeşlige garşy göreş boýunça hakyky ýagdaý barada jemgyýetçiligi giňden habarly edip, oňa garşy göreşiň ýollary boýunça açyk çekişmeler, diskussiýalar gurnalar?

Iş ýüzünde A.Garaýew köpçülikden köp hadysalary, wakalary gizlin saklap gelýän tutuş dolandyryjy-propagandistik apparat üçin käýinç aldy.

Türkmenistanyň graždanlary nämeleri bilmeli?

Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň graždanlary nämeleri bilmeli, nämeleri bilmeli däl – şu meselede döwlet syýasaty düýpli özgerişlere sezewar edilermi? Eger neşekeşligiň töweregindäki problemalar dogrusynda düşündiriş-propagandistik işler güýçledirilse – muny prezidentem talap edýär, - onda durmuşyň beýleki ugurlarynda-da ilatyň habarlylyk derejesi gowulanarmy?

Eger bu şeýle bolaýsa, onda şu wagta çenli döwletiň demir eli bilen halkdan gizläp gelen uly informasiýa akymy halkyň üstüne eňip gaýdar.

Ahyrsoňy türkmenistanlylar öz ýurdy barada iň bir ýönekeý hakyky habarlary - ýurtda näçe adam ýaşaýar, ýylda näçesi dogulýar, näçesi ölýär – şular baradaky maglumatlary alyp bilermi?

Şu wagta çenli graždanlar bularyň ählisi barada habarlary bazarlardaky hyşy-wyşylardan, dostlary, dogan-garyndaşlary bilen gürründeşlikden susup alýarlar. Her näçe geňem bolsa, şol habarlar dogruçyl, köp ugurlar boýunça ynamdar hem ýeke-täk maglumatlar bolup çykýar. Neşekeşlik Türkmenistanda ýok diýen duýgyny türkmenistanlylar öňde-soňda başdan geçiripmidi?

Ýokarda neşä garşy döwlet gullugynyň başlygyny öwenlerinde, ol adamlarda düşünmezlik, geňirgenme duýgusyny döredipdi. Adamlar neşe belasynyň nähili ýagdaýdadygyny bilýärler, görüp otyrlar, ol resmi propagandanyň ýazyşy ýaly däl-de, jemgyýet üçin betbagtçylyk derejesindedi. Muňa jemgyýetde dowam edýän ynamsyzlyga ýokary derejeli ýolbaşçylaryň berýän käýinçleri, wezipeden kowmalary şaýatlyk edýär. Çünki neşekeşlik bilen bagly ýagdaýy syr hökmünde mundan beýläk ýaşyrmak mümkin däl. Owgüler netije bermedi, indiki nobat döwlet gamçysyny işe girizmek.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG