Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da izolirlenmegi goldaýan garaýyşlar ýokarlandy


Geçen hepde Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Pew barlaglar merkezi öz geçiren soňky barlaglaryna salgylanmak bilen amerikan raýatlarynyň arasynda daşarky syýasatda izolýasiýany goldaýanlaryň örän artandygy barada maglumat ýaýratdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilen bu täze pikir soralyşygyň netijesi amerikalylaryň aglabasynyň daşary syýasatda öz döwletleriniň diňe öz gamyny iýmelidigini goldaýandyklaryny görkezýär.

Pew barlaglar merkezi Birleşen Ştatlaryň iki müň raýatynyň pikirini sorap, bu barada ýaýradan öz hasabatyny «Izolirlenmegi goldaýan garaýyşlar soňky 40 ýylyň dowamynda iň ýokary derejede» diýip atlandyrypdyr.

Bu geçirilen pikir soralyşyk amerikalylaryň tas ýarsyna golaýynyň, has dogrusy, 49 prosentiniň Birleşen Ştatlar daşarky işlerden çetde durmaly we beýleki ýurtlar bolsa başardyklaryndan öz günlerini özleri görmeli diýen garaýşa eýerýändiklerini görkezýär. Bu görkeziji soňky 40 ýylyň dowamynda iň ýokary görkezijidir. Ýagny, başgaça aýdylanda, bary-ýogy ýedi ýyl mundan ozalky bilen deňeşdirilende, hut şular ýaly pikire eýerýän amerikalylaryň sany 30 prosent töweregi köpelipdir.

Pew barlaglar merkeziniň direktory Endrýu Kohut bu ýagdaýy «izolirlenmek tendensiýasynyň adatdan daşary ýokary göterilmegi» diýip häsiýetlendirdi we munuň sebäbini şeýle düşündirdi: «Meniň pikirimçe, bu ýagdaýyň sebäbi belli bir derejede amerikan jemgyýetçiliginiň ünsüniň ýaramaz ykdysadyýete gönükmegi hem-de tutuş dünýäniň häzirki ýagdaýy barada ýaramaz garaýyşda bolmagy bilen baglanyşykly.

Häzir iki ýerde uruş barýar, jemgyýet bolsa bu uruşlaryň ikisinem şowsuz diýip hasaplaýar. Terrorizm baradaky aladalar hem dört ýyl mundan ozalky bilen deňeşdirilende, has ýokary. Şeýlelikde şu günki gün amerikalylar dünýäniň beýleki bölekleri barada o diýen ýakymly garaýyşda däl ýaly görünýär».

Owganystan babatdaky syýasat

Mundan daşgary pikir soralyşygyň netijesi amerikan jemgyýetiniň Barak Obamanyň häzirki alyp barýan daşary syýasatyndan, aýratynam Owganystan babatynda alyp barýan syýasatyndan şeýle bir hoşal däldigini görkezýär.

Heniz prezident Obamanyň Owganystana goşmaça 30 müň esger ýollamak baradaky kabul eden kararyndan birneme öň geçirilen bu pikir soralyşyga gatnaşyjylaryň 32 prosenti Owganystandaky çäreleriň netijeli bolmagy üçin ol ýerdäki amerikan goşunlarynyň sanyny artdyrmaly diýip hasaplaýandygyny aýdypdyr. Emma adamlaryň 40 prosenti Owganystandaky amerikan harbylarynyň sanyny azaltmaly diýip hasaplaýandyklaryny mälim edipdir.

Pikir soralyşyga gatnaşanlar Owganystandaky urşuň urşanyňa näderejede degýändigi barada-da skeptiki garaýşa eýeripdirler. Ýagny, adamlaryň tas ýarsyna golaýy, has dogrusy, 46 prosenti daşarky güýçler we şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Owganystana harby ýardam bermegini bes eden halatynda Owganystan talyplara we beýleki ekstremistik toparlara garşy durmakda öz başyny özi çarar diýip hasaplaýandygyny mälim edipdir.

Pikir soralyşyk prezident Obamanyň umumy daşary syýasat boýunça alyp barýan işlerini-de amerikalylaryň 51 prosentiniň goldaýandygyny görkezýär. Mundan daşgary, Pew barlaglar merkeziniň geçiren bu pikir soralyşygynyň netijelerine görä, amerikalylaryň köpüsi Birleşen Ştatlaryň dünýädäki oýnaýan roly soňky 10 ýylyň dowamynda görnetin pese gaçdy diýip hasaplaýar.

Hususan-da, pikirleri soralanlaryň 41 prosenti 1999-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä lideri hökmünde indi has pes rol oýnaýandygyny aýdypdyr. Şeýle hem, geçirilen bu pikir soralyşykda amerikalylar Al-Kaýda ýaly yslamçy ekstremistik toparlary, Eýranyň ýadro programmasyny hem-de halkara maliýe durnuksyzlygyny özleri üçin iň esasy üç howp diýip hasaplaýandyklaryny mälim edipdirler.
XS
SM
MD
LG