Sepleriň elýeterliligi

Täze esgerler Owganystanda näme işlär?


Amerikan esgerleri Helmend welaýatynda partlaýyjy maddalary gözleýärler, 27-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Amerikan esgerleri Helmend welaýatynda partlaýyjy maddalary gözleýärler, 27-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Owganystanyň günorta-gündogaryndaky Host welaýaty köpden bäri regional çatryk hasaplanylýar. 2001-nji ýilda talyplaryň häkimiýetden agdarylmagy bilen täze owgan hökümeti düzüldi.

Ilatynyň aglabasy puştunlar bolan Hostuň raýatlary welaýatda täze uniwersitetiň açylmagyny talap etdiler. Şu gün ýerli ilat geljekki nesliň sowatly bolmalydygyna ynanýar we müňlerçe studentler uniwersitetde bilim alýarlar. Ýakyn Gündogarda işleýän on müňlerçe Hostlular bolsa, öýlerine pul ýollaýarlar.

Olar ýerli ykdysadyýeti ösdürmek üçin edilýän aladalara zerur goldawy berýärler. Ýöne käbir pudakdaky ösüşlere we welaýatda üç müňe golaý günbatarly söweşijileriň bardygyna garamazdan, regionyň howpsuzlygy ýaramazlygyna galýar.

Amerikanyň täze harby strategiýasy boýunça Pakistanyň golaýynda günbatarly söweşijileriň sanyny köpeltmek göz öňünde tutulýar. ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystana ýollajak 37 müň söweşijisiniň bäş müňe golaýy Host welaýatynda ýerleşdiriler.

Host welaýatynyň möhüm tire-taýpa lideri Gazi Newaz Tanaýyň radiomyza aýtmagyna görä, şol söweşijiler hakykatdanam asudalyk we howpsuzlyk üçin tagalla etjek bolsalar, ýerli ilatyň aladasyny etmelidirler: “Olar serhetdäki asuda bolmadyk regionlara gitmeli we ilaty goramaly. Olar biziň syýasy sistemamyzy täzeden dikeltmäge we ösdürmäge kömek etmeli. Meniň pikirimçe, bu zatlar owgan halkynyň we ähli taýpalaryň olar bilen hyzmatdaşlygy üçin peýdaly bolardy. Şunlukda, bizde asudalyk we adalat bolardy”.

Onuň aýdanlary Owganystanyň günorta-gündogarynda we günorta-günbatarynda ýaşaýan ilatyň islegleri. Çünki 2006-njy ýyldan talyban gozgalaňçylarynyň güýçlenmegi bilen bu regionlarda howpsuzlyk juda peseldi.

Helmend welaýatynda ýerleşdiriljege meňzeýär

Medianyň maglumatlaryna görä, Amerikanyň we NATO-nyň Owganystana ýollajak 37 müň söweşijisiniň agalabasy Helmend welaýatynda ýerleşdiriljege meňzeýär. Olar ilatyň köp ýygnanýan merkezlerini we durnuksyzlyk barha ösýän Gandagara barýan ýollary gorarlar. Şol habarlarda goşmaça 10 müň deňiz-pyýada güýçleriniň ozaldan Helmendiň çäginde bar bolan dokuz müň söweşijiniň hataryna goşuljakdygy hem aýdyldy.

10 müň sany Britaniýaly güýçler bilen birlikde Helmend welaýaty Halkara güýçleriniň Owganystanda iň köp ýygnanan regiony bolar. Günortada Pakistan bilen serhetleşýän we Owganystanyň günortasyna, günbataryna hem demirgazygyna aralaşyp bolýan Helmend welaýatyny talyplar möhüm Sebit hökmünde ulanýarlar. Regionyň kenep önümçiliginiň bolsa, gozgalaňçylary maliýeleşdirmekde uly rol oýnaýandygyna ynanylýar.

Talyplardan we ýerli resmilerden howatyrlanýandygy üçin adynyň tutulmazlygyny soran Puştunlaryň tire-taýpa lideri welaýatyň 80 prosent çemesi territoriýasynda talyplaryň hereket edýändigini belledi. Helmendli bir ýaşulynyň radiomyza aýtmagyna görä, ol Halkara güyçleriň gozgalaňçylara garşy uruşmagyny däl-de, welaýaty we onuň dolandyrylyşyny ösdürmek ugrunda alada etmegini isleýär.

“Häzir biziň ilat ýalňyşlykda ýaşaýar. Olar ösen mekdepleri, bilimi we gowy adminstrasiýany isleýärler. Biziň adminstrasiýamyzdaky korrupsiýa bolsa, ýetjek derejesine ýetdi” diýip, helmendli ýaşuly sözüne goşdy. Häzir Kabulda ýaşaýan owgan analitigi Muhammet Fakuryň sözlerine görä, entek Owgan resmileriniň düzen güýçli syýasy strategiýasy durmuşa geçirilmese, Amerikanyň tagallasy netije bermez. Emma Host welaýatyndaky möhüm lider Tanaý bolsa, gozgalaňçylar bilen gepleşikler üçin ýerlikli aladalary görmek isleýär.
XS
SM
MD
LG