Sepleriň elýeterliligi

Obama Ak tamda Ärdogan bilen duşuşdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (sagda) Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşýar, 7-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (sagda) Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşýar, 7-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň aýtmagyna görä, NATO ýaranlygyna agza döwlet hökmünde Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan bilen Birleşen Ştatlaryň möhüm meseleler boýunça, şol sanda Eýranyň ýadro programmasynyň töwereginde dörän problemalaryň çözgüdi meselesinde-de, ylalaşylypdyr.

Duşenbe güni Ak tamdaky duşuşykdan soňra Eýran bilen gepleşiklerde Türkiýe aýgytly rol oýnap biler diýip, Obama aýtdy: «Eýranyň ýadro ukybynyň parahatçylykly maksatlar üçin ýadro energiýasyny öndürmäge gönükdirilmegi ugrunda bar bolan paroblemalaryň çözülmeginiň nähili möhümdigini men premýer-ministre mälim etdim. Eýran bu babatda halkara kada-kanunlary hem normalary esasynda hereket edýändigi bilen özüne ynam döretmeli, Eýranyň bu ugurdan hereket etmeginde Türkiýäniň möhüm rol oýnajagyna ynanýaryn».

Öz gezeginde Ärdogan Türkiýäniň we ABŞ-nyň regionyň dürli meselelerinde, şol sanda Eýranyň ýadro programmasy boýunça-da, sazlaşykly işleýändiklerini nygtap, bu meseläniň diplomatik çözgüdiniň tapylmagyny isleýändigini mälim etdi: «Regionymyzda ýadro ýaraga eýe döwletiň bolmagyny islämzok, regionda beýle ýaraga eýe döwlet bolsa, ondan halas bolmaly» diýip, Ärdogan sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýranyň ýadro ýarag edinmeginden ABŞ we Günbatar howatyr edip gelýär. Diňe parahatçylykly maksatlar üçin ýadro energiýasyny öndürjek diýýän Tähranyň sözüne ynanýandygyny-da Ärdogan belläp geçipdir.

Diňe geçen aýyň özünde söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen Ärdogan Tährana bardy, Türkiýäniň premýer-ministri yslam döwletleriniň Stambuldaky maslahatyna gatnaşan Eýranyň prezidenti Ahmedinejada gowy dost diýip, baha berdi. Ol şeýle-de BMG-e tarapyndan Eýrana girilzilmegi mümkin sanksiýalaryň täze tapgyryna garşydygyny-da mälim etdi.

Amerikan prezidenti Obama NATO ýaranlygynda ýeke-täk musulman döwlet bolan Türkiýäniň Owganystan bilen bagly aladalaryna gowy baha berdi. Noýabr aýyndan başlap, Türkiýe Kabuldaky halkara parahatçylyk güýçleriniň baştutany boldy. Waşington Owganystana goşmaça 30 müň esger iberýär, NATO bolsa agza döwletlerden jemi 10 müň esger bermeklerini soraýar, Ankaranyň goşmaça esger berip-bermejegi heniz anyk däl.

Obama bilen Ärdoganyň duşuşygynda Ermenistan meselesi-de maslahat edildi, mälim bolşy ýaly, şu ýylyň oktiýabr aýynda araçägi açmak barada Ankaradyr Ýerewan arasynda bir ylalaşyga gol goýlupdy. Türkiýäniň bu ädimine oňyn baha beren Obama şeýle diýdi: «Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak ugrunda batyrgaý hereket edenligi üçin men premýer-ministr Ärdogany gutlaýaryn hem ony bu ugurda geljekde-de aýgytlylyk görkezmäge çagyrdym».

Obama duşenbe güni gozgalaňçy seperatist kürtleriň PKK topary tarapydan bäş sany türk esgeriniň öldürilmegi bilen bagly Ärdogana öz gynanjyny mälim etdi. Ol şonuň ýaly-da ABŞ PKK-nyň bir terrorist gurmadygyna üns berýändigini, onuň diňe Türkiýä däl, hatda Yraga-da howp salýandygyny aýtdy.

Däp bolup gelşine görä, Türkiýe Günbatar bilen Gündogaryň arasynda köpri roluny oýnap gelýär. Düýbi Waşingtondaky “Heritage” fondundaky Ýakyn Gündogaryň howpsuzlyk meselelerini öwreniş boýunça bilermen James Filips Ärdoganyň öz alyp barýan sýyasaty bilen bu däbiň soňuna çykýandygyny aýdýar: «Günbatara garşy hereketleri bilen Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky köpri bolan Türkiýä hut Ärdoganyň häzirki syýasaty çynlakay zyýan ýetirip biler. Üstesine-de ol diňe ABŞ däl, eýse Ysraýyly-da tankyt edip gelýär, şoňa görä Türkiýäniň araçylyk roluny şübhe astyna salýar». Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde Filips muňa delil hökmünde Ärdoganyň yslamçy “Adalat we Galkynyş” partiýasyndandygyny görkezýär.
XS
SM
MD
LG