Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň “Gündogar hyzmatdaşlygyna” höwes kän däl


Pragada maý aýynda “Gündogar hyzmatdaşlygy” programmasy uly şowhun bilen jar edilipdi. Ondan bäri sekiz aý geçdi, ýöne olaryň bilelikde toplanyp biljeklerine ne Ýewropa Bileleşigi, ne-de partnýorlyga agza alty döwlet bil baglaýar.

Hyzmardaşlyga agza döwletlerde demokratik ösüş-özgerişler esasan togtanlygy üçin olar Ýewropa Bileleşigi bilen işleşmäge o diýen höwesek hem däl. Olaryň gürrüňi edilýän Bloga agza bolmak boýunça ambisiýalary 2004-nji ýyldan bäri iň pes derejede durýar.

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler ministrleri ilkinji gezek Gündogar hyzmatdaşlygy partnýorlyga agza döwletler bilen duşuşýarlar, gün tertibinde bu ýurtlaryň Bileleşik bilen gatnaşyklary, şonuň ýaly-da 2010-njy ýyl üçin göz öňünde tutulýan, öňde duran we şoňa meňzeş birgiden umumy maslahatlary bar.

«Ylalaşyklar bileleşigi»

Häzirki duşuşykda Gündogar partnýorlygy toparynyň adynyň «Ylalaşyklar bileleşigine» öwrülmegi dogrusynda pikir alşyljak. Täze at diňe simwoliki häsiýete eýe bolup, ol ady agzalan döwletleriň Ýewropa Bileleşigine agzalyk ugrundaky hereketdigini aňlatmaýar.

Iň gowy bolan halatynda bu döwletler Ýewropa Bileleşigi bilen erkin söwda gatnaşygyny ýola goýup, olaryň raýatlary bloga agza döwletlere wizasyz sapar edip bilerler. Erkin söwda üçin hyzmardaş döwletlerde ykdysady taýdan reformalar geçirilmeli. Wizasyz gatnaşyklary ýola goýmak prosesi bolsa ýakyn wagtda ýola goýlup bilinmez, munuň üçin her zatdan ozal Ýewropa Bileleşigine agza döwletleri “Gündogar hyzmatdaşlygy” bloguna girýän ýurtlardan emigrasiýanyň artmajagyny ýa-da jenaýtçylygyň ösmejegini ynandyryp, razy etmeli.

Parhly gözýetim

Ýewropa Bileleşiginiň Gündogar partnýorlyk strategiýasynyň ýuwaş hereket etmeginiň ýene bir sebäbi bolsa, bloga agza ýurtlar bilen alty sany partnýor döwletiň hem-de olaryň ozalky Sowet Soýuzyna giren döwletler bilen dürli hem parhly gözýetime eýeliginden gelip çykýar.

Demokratiýa taýdan Belarusyň yza galaklygyna garamazdan, edil Ukraina we Gürjüstana hödürlenen bähbitler Minskä-de hödürlenilýär. Aýry tarapdan adam hukuklary babatynda yzygyderli gepleşik alyp barmagyny Ýewropa Bileleşigi Günorta Kawkaz ýurtlaryndan talap eder, bu barada eýýäm Merkezi Aziýanyň awtoritar režimlerinden talap edilip gelinýär.

Her zatdan ozal Gündogar Ýewropa döwletleri ykdysadyýetdäki krizisi durnuklylaşdyrmaly, syýasy durnuklylyk taýdan halanmaýan diňe içerki önümleri goramakdan bolsa, daşda durmaly.

Häzirki wagtda “Ylalaşyklar bileleşigine” gol çekmek babatynda Ukraina resmi taýdan has amatly ýagdaýda durýar. 2010-njy ýylda Kiýew Ýewropa Bileleşigi bilen erkin söwdany çuňlaşdyryp, köptaraply ylalaşyga gelip biler. Wizasyz gatnaşyklar hakyndaky gepleşikler bolsa dowam edýär.
XS
SM
MD
LG