Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ BMG-niň suduny Kosowanyň garaşsyzlygyna hormat goýmaklyga çagyrdy


Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlary BMG-niň Hagadaky suduny Kosowanyň garaşsyzlyk statusyna hormat goýmaklyga çagyrdy.

Bu mesele boýunça Hagada geçýan sud prosesinde Orsýet Serbiýadan bölünip aýrylan Kosowanyň bu hereketiniň halkara şertnamalarynyň normalaryna laýyk gelmeýändigini aýdyp, çykyş edýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolsa Kosowanyň Serbiýadan özbaşdaklygyny yglan etmeginiň halkara normalaryna garşy gelmeýändigini aýdyp, bu meseläniň sudda garalmagyna hiç hili zerurlygyň ýokdugyny öňe sürýär.

Kosowanyň garaşsyzlyk meselesi boýunça 11-nji dekabra çenli dowam etjek sud diňlenişiginiň barşynda 29 döwlet ýörite görkezme bilen çykyş eder.
XS
SM
MD
LG