Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda yzly-yzyna bomba partlamalary boldy


Şu gün Yragyň paýtagty Bagdatda yzly-yzyna amala aşyrylan bomba partlamalarynda azyndan 127 adam ölüp, 400-den gowrak adam ýaralandy.

Wakalardan birinde janyndan geçen bir hüjümçi Bagdadyň Dora raýonynda patrolçylyk edýän polisiýanyň toparyny nyşana alyp, partlama amala aşyrdy.

Şol wakanyň yzy bilenem Bagdadyň dürli ýerlerinde ýene azyndan üç sany maşyna ýerleşdirilen bomba partladyldy.

Bu partlamalar aglaba hökümet edaralarynyň we ministrlikleriň binalarynyň golaýynda amala aşyryldy.

XS
SM
MD
LG