Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sebitde deňi-taýy bolmadyk otel


Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda bina edilýän sebitde deňi-taýy bolmadyk oteliň gurluşygy tamamlanyp gelýär.

Iýul, 2009-njy ýyl.
Bu oteli «Buig Batiman internasional» fransuz firmasy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň buýurmasy boýunça gurýar.

Bäş ýyldyzly myhmanhananyň umumy meýdany 95 000 inedördül metr bolup, onuň umumy bahasy 270 000 000 ýewrodyr. Ýa-da Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň 405 000 000 (dört ýüz bäş million) dollarydyr. On üç gatdan ybarat bolan bu kaşaň oteliň ýokarsynda wertolýot gonmak üçin ýörite meýdança hem bar.

«Buig» firmasynyň Türkmenistanyň hökümeti bilen baglaşan şertnamasyna görä, 2008-nji ýylyň ýanwarynda gurluşygyna başlanan bu otel şu ýylyň dekabrynda doly taýyn bolmalydy. Ýöne işiň şu wagtky gidişini synlanyňda, oteliň gurluşygynyň azyndan üç aýdan bäri tamamlanmajagyna göz ýetirse bolýar.

Oteliň ady indi üýtgemez

Bäş ýyldyzly bu oteliň gurluşygy ýaňy başlananda onuň ady «Galkynyş» myhmanhanasy diýlip atlandyryldy. Ýöne bir ýyl töweregi geçensoň, gurluşyk desgasynyň öňündäki banneriň ýüzüne ýazylan «Galkynyş» myhmanhanasy ýazgysy «Oguzkent» myhmanhanasy diýlen ýazgy bilen çalşyryldy.

«Oguzkent» sözi Oguzlaryň şäheri diýen manyny berip, ol taryhçy alymlaryň tassyklamagyna görä, Gökdepe etrabynda ýerleşýän Yzgant obasynyň gadymy adydyr. Yzgant obasy bolsa, Türkmenistanyň prezidentiniň ata-babalarynyň doglan hem-de ýaşan ýeridir.

Gymmat otel näme maksat bilen gurulýar?

Dekabr, 2009-njy ýyl.
Gymmat bahaly bu oteliň gurulmagynyň esasy sebäbini ýurduň häkimiýet wekilleri daşary ýurtlardan gelýän abraýly myhmanlara ýokary derejeli myhmanhana hyzmatlaryny ýola goýmak maksady bilen düşündirýärler.

Oteliň üstündäki wertodrom ýokary derejeli myhmanlary aeroportdan göni wertolýotly bu myhmanhana alyp gelmäge hyzmat eder.

Myhmanlaryň aeroportdan ulag bilen däl-de wertolýotly alnyp gaýdylmagy belli bir derejede olaryň howpsuzlygyny kepillendirer. Oteliň bir nomeriniň bahasynyň ortaça bir müň amerikan dollary boljakdygy aýdylýar.

Bir oteliň bahasyna näçe jaý düşýär?

Ýurduň «Arkaç» gurluşyk önümçilik birleşiginiň paýtagtda gurýan 36 kwartiraly jaýlary ortaça 1 million dollara düşýär. Oba ýerlerinde iki otagly howly jaýlary gurmak üçin bolsa, 10 müň dollar ýeterlik.

Diýmek, bir oteliň bahasyna 36 kwartiraly 405 sany jaýy (36x405=14580 kwartira) ýa-da 40 500 sany iki otagly oba ýerlerindäki jaýlary gurmak boljak. Eger-de bir hojalykda ortaça bäş adam bar diýip hasaplananda, onda oba ýerlerinde 202 500 adam, (40 500x5=202 500), paýtagtda bolsa 72 900 adam (14 580x5=72 900) jaýly boljak eken.
XS
SM
MD
LG