Sepleriň elýeterliligi

Geçen asyryň maşynlaryna gadagançylyk girizildi


Ýurduň häkimiýetiniň gelen kararyna laýyklykda, täze, 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ýurduň çägine getirilýän 2000-nji ýyldan öň öndürilen maşynlara gadagançylyk girizildi.

Türkmenistanyň çägine, esasan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden ozal sürlüp, ulanylan maşynlar getirilýär. Bu işde Mary welaýatyndan bolan telekeçiler juda aktiwlik görkezýärler.

Ýurda getirilýän köne maşynlaryň kysymy, esasan «Toýota», «Opel», «BMW» bolup, olaryň öndürilen ýyllary dürli-dürli. Hatda 1995-nji ýylda öndürilen maşynlara hem duşmak bolýar.

Maşynyň ýyly näçe köne boldugyça, onuň nyrhy-da arzan bolýar. Şol sebäplem ýurduň ilaty arzan awtoulaglary edinmäge juda höwesek.

Arzan awtoulaglaryň soňky 6 ýylyň dowamynda ýurduň çägine juda köp getirilýändigi sebäpli, paýtagtyň köçelerinde maşynlaryň agdyklygyndan ýaňa ýygy-ýygydan ýol dykynlary döreýär.

Ýurduň hökümetiniň 2000-nji ýyldan öň öndürilen maşynlaryň Türkmenistana getirilmegine gadagançylyk girizmek baradaky kararyna resmi düşündiriş berilmeýär.

Köne maşynlary getirip satýan telekeçiler Türkmenistanyň gümrük gullugunyň 2000-nji ýyldan öň öndürilen maşynlary serhetden ýurduň çägine eýýäm goýbermän başlandyklaryny aýdýarlar.

Agzalýan çäklendirmeleriň giriziljekdigi baradaky habarlar il arasynda ýaýrap başlanyndan soň, 2000-nji ýyldan öň öndürilen awtoulaglaryň bahasy az kem ýokarlanyp başlady. Sebabi öndürilen ýyly täze bolan awtoulaglary satyn almaga her kimiň gurby çatanok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG