Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Partiýanyň, «Galkynyş» hereketiniň ýygnaklary geçirildi


Şu ýylyň 1-nji noýabryndan 7-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň ilkinji, etrap, şäher, welaýat guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary geçirildi.

Logo of Turkmenistan's Democratic Party
Hasabat-saýlaw ýygnaklary üç tapgyrda geçirildi. Olaryň birinjisi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň ilkinji guramalarynda, ikinjisi etrap, şäher guramalarynda, üçünjisi welaýat hem-de Aşgabat şäher guramalarynda geçirildi.

Bilelikdäki maslahatlaryň özeninde Türkmenistanyň prezidentiniň alyp barýan syýasatyny mundan beýläk-de goldamakda partiýa komitetleriniň hem-de Türkmenistanyň Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň öňde goýýan wezipelerini aýdyň etmekden ybarat boldy.



Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň bilelikdäki hasabat-saýlaw ýygnaklarynda hasabat döwründäki edilen işlere seljermeler berildi, partiýanyň hatarlaryna täze agzalar saýlanyldy, şeýle hem partiýanyň aktiwistlerine gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
XS
SM
MD
LG