Sepleriň elýeterliligi

Eýran Türkmenistanda gurlan stansiýa şübheli garaýar


Agzalýan PS44 stansiýasy Türkmenisatnyň paýtagty Aşgabatdan 30 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän Alybek obasynyň ýanynda guruldy.

Agzalýan PS44 stansiýasy Türkmenisatnyň paýtagty Aşgabatdan 30 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän Alybek obasynyň ýanynda guruldy.

Giň göwrümli ýadro synaglarynyň gadaganlygy boýunça ylalaşygyň esasynda döredilen Halkara Monitoring Sistemasyna (IMS) degişli atom partlamasynyň zarbaly tolkunlaryny hasaba almaga ukyply ýörite stansiýanyň Eýran bilen Türkmenistanyň serhediniň türkmen tarapynda açylmagyny Eýranyň resmileri içalyçylyk diýip atlandyrdy.

Eýranyň serhedine gaty ýakyn ýerleşýän bu PS44 belgili stansiýa atom partlamasynyň örän gowşak görnüşini hem hasaba almaga ukyply. Ol ýadro partlamalary netijesinde döreýän seýsmiki aktiwligi, howadaky radiýasiýany kesgitlemäge niýetlenen.

Agzalýan PS44 stansiýasy Türkmenisatnyň paýtagty Aşgabatdan 30 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän Alybek obasynyň ýanynda guruldy.

Bu stansiýany guran Giň göwrümli ýadro synaglarynyň gadaganlygy boýunça ylalaşyk guramasynyň metbugat wekili Annika Sunborgyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, olar bütin dünýä boýunça ýadro partlamalaryny hasaba alyp biljek 340 stansiýany gurupdyrlar.

Düýbi Wenada ýerleşýän guramanyň resmisi Sunborg şeýle stansiýalaryň dünýäniň dürli künjeklerinde gurulmagy baradaky karara 1996-njy ýylda gelnendigini belleýär. “Şonda bu stansiýalaryň gurulmaly ýerleri hem anyklandy. Bu barada biziň guramamyza agza bolan 180 ýurduň wekilleri bilen ylalaşyldy”.

Sunborgyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda gurlan stansiýa seýsmiki stansiýa bolup durýar we olar bütin dünýä boýunça şeýle seýsmiki stansiýalaryň 120-ni gurupdyrlar. “Sensorlar aragatnaşygyna eýe bolan şeýle stansiýalardan ybarat gözegçilik sistemasynyň döredilmeginiň maksady bütin dünýä boýunça geçirilýän partlamalary hasaba almakdan ybarat bolup durýar”.

Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklere araçylyk edýän wekili Saeed Jaliliniň maslahatçysy Abolfazi Zohrehwand şu gün IRNA habar gullugyna beren interwýusynda, bu stansiýanyň gurulmagynyň Eýrandaky ýagdaýlara içalyçylykly gözegçilik etmäge dünýäniň ösen döwletlerine ýol açýandygyny aýdypdyr.

Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmäge synanyşýandygyny aýdyp, bu barada alada edýärler. Eýran bu aýyplamalary ret edip gelýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG