Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Goranmak ministri Kabula sapar edýär


ABŞ-nyň Goranmak ministri şu gün Kabulda eden çykyşynda NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň pitneçilerden üstün çykjakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Obama goşmaça 30 müň esgerden ybarat goşuny Owganystana ibermek barada görkezme bereninden soň, Robert Geýts bu ýurda ilkinji gezek sapar edýär.

Robert Geýts NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň merkezine sapar edip, goşunlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk sazlaşdyrylyp, ABŞ-nyň täze strategiýasy amaşa aşyrylsa, bu uruşda üstünlik gazanyp boljakdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG