Sepleriň elýeterliligi

Global konferensiýa dowam edýär


Iki hepdeläp dowam etjek bu konferensiýa 15 müň çemesi adam ýygnandy. Olaryň diňe birnäçe ýüzi konferensiýa delegasyýasyny ýollan 192 döwlete wekilçilik edýär.

Konferensiýa alymlar, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, bu mesele bilen gyzyklanýan toparlaryň wekilleri we başgalar gatnaşýarlar.

Bu sammit wagtynda tertip-düzgüni goramak üçin Daniýa öz polis güýçleriniň ýarysyny Kopengagene ýygnady.

Global konferensiýa ýygnalmagynyň sebäpleri näme?


Ilkinji nobatda, dünýä ýurtlary Global maýlamagyň öňüni almak maksady bilen birleşdiler. BMG-niň dünýä boýunça baş wekili de Boer sammitiň açylyşynda bu barada belläp, şeýle diýdi: “Resmi beýanatlar üçin wagt gutardy. Hemmelere belli bolan tutumlary gaýtalap aýtmagyň wagty geçmişde galdy. Indi birek-birege el uzatmagyň wagty geldi”.

Dünýäni goramak barada optimizm bu konferensiýada möhüm rol oýnaýan iki iri döwlet bolan ABŞ-dan we Hytaýdan geldi. Olar zyýanly gazlaryň howa zyňylyşyna kontrollyk etmegi ýa-da onuň möçberini azaltmagy söz berdiler.

Emma, munuň tersine, 1997-nji ýylda geçen Global dünýä baradaky konferensiýada kabul edilen zyýanly gazlaryň atmosfera zyňylyşyny kemeltmek baradaky Kýoto ylalaşygyny hiç bir döwlet tassyklamady.

Ýygnanyşmaga has köp sebap bolan zat

Ýöne Kopengagende konferensiýa ýygnalmagyna has köp sebäp bolan zadyň ilat köpçüliginiň pikirleri bolmagy mümkin. Ol ýedi ýyl mundan owal başlanypdy.

2002-nji ýylda ilkinji gezek adamlaryň howa zyňýan hapalarynyň Global maýlama sebäp bolýandygyny Amerika ykrar etdi. 2007-nji ýylda bolsa, dünýäniň arassalygy barada alada edýänler Nobel baýragyna mynasyp boldular. Ony BMG-niň hökümetara topary we ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti Al Gor öz aralarynda paýlaşdylar.

Dünýäde hapa gazy azaltmak maksady bilen düzülýän strategiýalara ýüz milliardlarça dollar harçlanylýar. Şol pullar ösýän döwletlere kömek üçin berilýär. Amerikanyň öňki prezidenti Bill Klinton bolsa, “Umytly bolmagymyz üçin ençeme esas bar. Emma dünýäniň başyndan geçen erbet durgunlyk sebäpli Kopengagendäki iň uly päsgelçilikler ykdysadyýete degişli bolar diýip, pikir edýärin” diýdi.

Maýlama howpy çişirilýärmi?

Kopengagen prosesiniň tankytçylary öz e-maillarynda, internetde atsyz goýýan materiallarynda Global maýlama howpunyň has çişirilýändigini tekrarlaýarlar. Global maýlama syýasaty boýunça Fonduň başlygy Benny Peýzeriň pikiriçe, hökümetler jemgyýetçiligi hapa gazlary kemeltmek baradaky gymmat bahaly programmalara çekýärler. Emma olaryň berýän goldawy ujypsyz.

“Elbetde, ykdysady krizisiň girdabyndaky adamlaryň başga aladalary ýeterlik. Olar iş gözleýärler, juda gymmat salgytlar, dünýä ekologiýasy boýunça salgytlar we başga zatlar bilen bagly ynjalykdan gaçýarlar. Bular adamlara agyr ýük we olar köp alada edýärler” diýip, Peýzer aýtdy.

Onuň sözlerine görä, alymlaryň bu problemany öwrenmegi we hapa gazlary kemeltmegiň mümkindigini subut etmegi üçin köp wagt gerek bolar.

Kopengagende iki hepde dowam etjek dünýä baradaky konferensiýanyň ahyrky günlerine dünýä liderleri gatnaşyp, yörite ylalaşygy düzmäge kömek ederler. Emma şol ylalaşygy her bir ýurduň kanun çykaryjylary tassyklamaly bolar.
XS
SM
MD
LG